BILIM

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2026-njy ýylyň 10 — 17-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda geçirilen «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdy.

Kabul ediji tarap hökmünde «Global Ties Detroit» guramasynyň çykyş etmeginde geçirilen halkara maksatnama dünýäniň on döwletinden bilim ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny kämilleşdirmek, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim maksatnamalarynyň hilini halkara ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Maksatnamanyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynyň uniwersitetine (Michigan State University) iş sapary amala aşyryldy. Uniwersitetiň professor-mugallymlary we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda iňlis dilini ikinji dil hökmünde okatmagyň öňdebaryjy tejribeleri, mugallymlary taýýarlamagyň döwrebap çemeleşmeleri, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we bilim bermegiň hiline baha bermegiň halkara usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem halkara akkreditasiýa ulgamynyň tejribesi, bilim edaralarynda hil üpjünçiliginiň netijeli guramaçylyk usullary hem-de pedagogik işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde Ueýn okrugynyň jemgyýetçilik kollejleriniň ulgamynda (Wayne County Community College District) daşary ýurt dillerini okatmagyň amaly tejribesi bilen tanyşyldy. Bu ýerde okuw işini guramagyň döwrebap usullary, bilim alýanlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, innowasion pedagogik çemeleşmeleri ulanmak we okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler öwrenildi.

Halkara maksatnamanyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýanyň esasy wezipeleri bilen sazlaşykly bolup, milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.

Related posts

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

Türkiýe Respublikasyndan täze talyp haky maksatnamasy

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa bilim almaga iberiler