DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Landaunyň Türkmenistana sapary

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau 16–24-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe, Türkiýäniň Stambul we Türkmenistanyň Aşgabat şäherlerine sapar eder.

Duşenbede Döwlet sekretarynyň orunbasary Landau sebitara ulag-aragatnaşyk baglanyşyklary, ykdysady ösüş, ýokary derejeli emeli aň tehnologiýalary we innowasiýalar boýunça ABŞ bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen Täjigistanyň ýokary wezipeli döwlet işgärleri we hususy pudagyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Ol terrorçylyga we serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmäge gönükdirilen berk howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýene-de bir gezek tassyklar. Şeýle hem Tramp administrasiýasynyň «Amerika ilki» atly ählumumy saglygy goraýyş strategiýasynyň çäklerinde saglygy goraýyş boýunça özara düşünişmek memorandumyny aýratyn belläp geçer, ABŞ-nyň söwda-ykdysady bähbitlerini ilerleder, medeni mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary goldar we amerikan maýa goýumlarynyň ABŞ hem-de Täjigistan üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini nygtar.

Stambulda Döwlet sekretarynyň orunbasary Landau ABŞ bilen Türkiýäniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň ýokary wezipeli döwlet işgärleri we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Ol söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we amerikan kompaniýalarynyň işini ilerletmäge, şeýlelikde ABŞ-daky iş orunlaryny goramaga hem-de ýurduň uzak möhletleýin ykdysady gülläp ösmegini üpjün etmäge üns berer. Şeýle hem ABŞ-nyň energetika we üpjünçilik zynjyrlarynyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerini öňe sürer.

Aşgabatda Döwlet sekretarynyň orunbasary Landau Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar.

Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hazarüsti geçelgesi we «Halkara parahatçylyk we abadançylyk üçin Tramp ýoly» (TRIPP) arkaly energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny nygtar.

Döwlet sekretarynyň orunbasary söwda dolanyşygyny, maýa goýumlaryny we sebitara baglanyşyklary artdyrmak arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara abadançylygy ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belläp geçer.

Related posts

Litwa Türkmenistana täze ilçi belledi

Baýlaryň ilkinji bäşliginde

Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça duşuşyk