JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» bolar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde  Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.

«Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Related posts

Halkara zenanlar güni mynasybetli pul baýraklary berler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Katar: resminamalar toplumyna gol çekildi

Žurnalistler kiçi futbol boýunça duşuşyk geçirdi

vepa