JEMGYÝET

2028-nji ýylda Aşgabatda halkara hukugy boýunça Bütindünýä forumy geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, birnäçe teklipleri hödürlendi.

  • Hususan-da, 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär.
  • Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
  • Milli hereketler meýilnamasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine ýetiriji edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
  • Şunuň bilen birlikde, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.
  • Şeýle hem 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle çäreler 2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun we bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.
  • Ilatyň, aýratyn-da ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär.
  • Şeýle hem milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
  • Şunuň bilen birlikde, halkara hukugynyň ähmiýeti barada tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek maksadalaýyk bolar.
  • Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine seretmek bolar.
  • 2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär.
  • Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle hem 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmek, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmek maksadalaýyk bolar.

Beýan edilen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

OPEC: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Ata Watan Eserleri

<>bilen <> önümçilikde birleşýär

vepa