JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi hem-de döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Şol resminamalaryň ha­ta­ryn­da:

  • Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry hö­wes­len­dir­mek we go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da güm­rük me­se­le­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek we öza­ra ýar­dam ber­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
  • «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Söw­da, se­na­gat we se­riş­de­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da we se­na­gat gur­lu­şy­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­wa, ener­ge­ti­ka we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Gen­der deň­li­gi we maş­ga­la mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ýaş­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ba­bat­da äh­li­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýus­ti­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hu­kuk we ýus­ti­si­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­ka­ry pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň ara­syn­da transmilli gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Güm­rük gul­lu­gy­nyň ara­syn­da ser­het­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Milli po­li­si­ýa agent­li­gi­niň ara­syn­da po­li­si­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da inf­rast­ruk­tu­ra ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da de­mir ýol ulag­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­reý to­kaý gul­lu­gy­nyň ara­syn­da to­kaý­la­ry san­ly gör­nüş­de di­kelt­mek we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.

Related posts

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Türkmenistan, Uluslararası Afganistan Konferansı’na katıldı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti türk Liderine türkmen alabaýyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri