JEMGYÝET

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Şu gün ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu giň gerimli çäreler uly şowhuna beslendi.
.
“Ata Watan Media” toparynyň çagyrylan baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.
Dabaralara Türkmenistanyň hökümet agzalary, daşary ýurtly ilçiler, türk we daşary ýurtly işewürleri we köp sanly myhmanlara gatnaşdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bolsa, dabaralaryň hormatly myhmanlaryň biri boldy.
Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler we dabaraly harby ýöriş geçirildi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny görkezýär.
Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişine tomaşa etdiler.
Dabaraly harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.

Related posts

EKOSOS Maslahaty geçirildi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada resmi saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da parlamento seçimleri 25 Mart’ta

vepa