Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün zähmetiňiziň miwesini görüp başlajak wagtyňyz gelip ýetdi . Bu wagt Hamallar başlan işlerini ahyryna çenli bitirmek üçin amatly pursat.Şeýle hem býujetiňizi dogry meýilleşdirmek we uzak möhletli maksatlara üns bermek peýdaly bolar.Söýgi gatnaşyklarynda bolsa wepalylyk öňe çykar. Ýalňyz Hamallara ynamdar we sabyrly häsiýetli adama duşup bilerler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Karýera babatda täze mümkinçilikler we gyzykly teklipler ýüze çykyp biler. Ýolbaşçylaryňyzyň we kärdeşleriňiziň arasynda abraýyňyz artyp, döredijilikli pikirleriňiz goldaw tapar. Şahsy durmuşda bolsa ýakymly üýtgeşmeler garaşylýar. Maşgalaly Sowurlar üçin bolsa bu wagt ýakynlary bilen düşünişmek, bilelikde wagt geçirmek we öý içinde sazlaşyk döretmek üçin amatly döwür.Gunüň ikinji ýarymynda bolsa energiýaňyzyň ýokary bolmagyna garamazdan, dynç almagy we uky tertibini kadaly saklamagy ýatdan çykarmaň. Arassa howada gezelenç etmek we ýeňil sport maşklary bilen meşgullanmak diňe bir beden saglygyňyza däl, eýsem ruhy taýdan täzelenmegiňize hem uly peýda berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün ýyldyzlar Jöwza telekeçilerine howlukmaç netijelerden we berk pikirlerden daş durmagy maslahat berýärler.Bu wagtky ýagdaý karýera we gatnaşyklaryňyzy üýtgedýan meýilnamalara sebäp bolup biler.Emma güniň ikinji ýarymynda Jöwzalar üçin habarlaryň, täze pikirleriň we joşgunly döwridir. Köp zada gyzyklanyp, birbada birnäçe ugra ýüz urup bilersiňiz esasy zat ünsüňizi wajyp zatlara jemlemekdir.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Gepleşikler, ýazgylar, täjirçilik we döredijilik taslamalary üçin bu gün. Şowly bolar. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly hyzmatdaşlyga öwrülip biler.Şeýle hem maliýe babatda ownuk çykdajylara gözegçilik etmek maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Tertip-düzgün we gündelik işleri üçin bu gün amatly döwür. Buwagt size ownuk jikme-jikliklere üns bermek uly üstünlik getirer.Emma günüň ikinji ýarymynda iş we maliýe meselesinde hasap-hesipleri meýilnamalaşdyrmak, resminama işleri üçin amatly wagt. Şeýle hem siz artykmaç çykdajylardan gaça durup, paýhasly çözgütler tapyp bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09
Bu gün Sünbüleler üçin çuňňur özgerişleriň we içki güýjüň we täzeden oýanmaly döwri bolar. Iş ýeriňizde resminama işlerinde ýüzleý zatlardan geçip, işleriň düýp manysyna aralaşyp bilersiňiz.Şeýle hem maliýe babatynda dolandyryşy we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin bu gün güýçli wagt. Kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklaryňyzda syrlary saklamak we öz meýilnamalaryňyzy wagtyndan öň jar etmezlik peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Söýgi gatnaşyklarynda bu gün sazlaşyk we mylaýymlyk özara hormat öňe çykar.Şeýle hem ýakyn adamlaryňyz bilen bilelikde medeni çärelere barmak ýa-da asuda agşam geçirmek gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.Günüň ikinji ýarymynda bolsa öňden meýillleşdiren meýilnamalaryňyzyownuk-uşak zatlar sebäpli bozulmagy ähtimaldyr.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplara energiýadan doly gün bolup bilerler. Iş meýilnamalaryny giňeltmek, täze meýilnamalary açmak isleýänler üçin bu gün amatly gün. Şeýle hem şahsy gatnaşyklaryňyzy sazlaşdyrmagyň hem wagty geldi.Güniň ikinji ýarymynda bolsa dostlaryňyz bilen syýahata çykyp bilersiňiz.Olar bilen syýahat etmek gürrüňdeş bolmak täze pikirleriň döremegine sebäp bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Söýgi we gatnaşyklar açyklyk we bilelikdäki täze täsirlenmeler gatnaşyklaryňyzy hasda berkider. Şeýle hem käbir kowuslara Ýakynlary bilen täze ýerleri görmek ýa-da geljegi bile meýilleşdirmek ýakymly bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Ýyldyzlar bu gün Jedilere maliýe meselelerinde hem-de satyn alyşlarda ýa-da maliýe amallarynda kynçylyklar we garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biljegini ýatladýar. Iş ýeriňizde uly möhüm meseleler ýüze çykyp biler. Emma siziň bu gün aljak kararlaryňyz uzak möhletli işleriňize has gowy täsir hem edip biler.Şonuň üçin kararlaryňyzy ýakynlaryňyz bilen maslahat etmek gowy netikjeleri gazandyryp biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar üçin bu gün işewürlik, işjeňliginiň artmagy bilen tapawutlanar. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmagyň zerurlygyny duýup bilersiňiz. Bu size öz pozisiýaňyzy ep-esli gowulaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň çarçuwasyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün ýüze çykyp biljek meseleleriň ählisini ertire süýşürmän, derrew çözmäge synanyşyň. Günüň dowamynda işjeň boluň. Täze taslamalary kabul ediň, teklip beriň. Hut şu gün siziň ähli oý-pikirleriňiz jemgyýetçilik tarapyndan kabul ediler.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
