27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we onuň degişli edaralary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, durmuş ugurlaryny öz içine alýar. Syýasy-diplomatik ugurda ýokary derejeli duşuşyklar, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara hyzmatdaşlygyň we adam hukuklary boýunça dialogyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň nobatdaky duşuşygy, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ilkinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumy, adam hukuklary boýunça dialogyň 18-nji mejlisi geçirildi.
Sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogynyň 13-nji mejlisi, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Noýabr aýynda Brýusselde geçirilen sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça 2-nji ministrler duşuşygyna hem ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.
Ykdysady ugurda «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň işi aýratyn bellenildi. Türkmenistan bilen bu düzümiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde 26-njy martda Aşgabat şäherinde maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işewürlik maslahaty geçirildi. Maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň degişli maliýe düzümleri bilen işler alnyp baryldy. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza amala aşyran saparyny, Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça gepleşikleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Medeni-ynsanperwer, durmuş ugurlarynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýewropanyň Medeniýet günleri, beýleki medeni-sport çäreleri aýratyn nygtaldy. Bilim, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa bilim gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim we zähmet ministrleriniň orunbasarlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda 13-14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda ösdürmek, bilelikdäki taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
