DÜNÝÄ

ÝUNESKO-nyň edarasynda Halkara Nowruz baýramy bellendi

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalary we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalary bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni çäräni geçirdiler.

Medeni çäre ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaýyň howandarlygynda Guramanyň baş edarasynyň kabul edişlikler zalynda geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko, Fransiýanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, Parižde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçiligiň we Fransiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýanynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalar gatnaşdylar.

Bu çäräniň çäklerinde dürli ýurtlaryň wekilleri tarapyndan guralan konsert we sergi geçirildi, şeýle hem milli tagamlar hödürlendi.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisinde türkmen el halylary, milli egin-eşikler we şaý-sepler, milli ýadygärlik sowgatlary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary ýerleşdirildi.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde «Türkmen äheňleri» aýdym-saz topary dürli türkmen saz gurallarynda – dutarda, gyjakda we ş.m. aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar