DÜNÝÄ

Ermenistanyň täze prezidenti – Waagn Haçaturýan

Waagn Haçaturýan Ermenistanyň täze prezidenti boldy. Ýurduň parlamenti ony ikinji tapgyrda saýlady.

Birinji tapgyrda prezidenti saýlamak başartmady. Ikinji tapgyrda ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, 71 ses alan Waagn Haçaturýan ýokary döwlet wezipesine saýlandy. Ýurduň ýokary tehnologiýalar senagaty ministri prezident wezipesine saýlandy.

Waagn Haçaturýan 2021-nji ýylyň awgustynda ministr wezipesine bellenipdi. Ol bilimi boýunça ykdysadyýetçi, 1992-1996-njy ýyllarda Ýerewan şäheriniň häkimi wezipesinde işledi.

Ýurduň ozalky prezidenti Armen Sarkisýan 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu wezipäni ýerine ýetirdi. Ol 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda wezipesinden çekilipdi.

Ýurduň täze prezidenti 10 günden soňra kasam kabul edip, wezipesine girişer.

 

Ermenistan täze prezidentini saýlaýar

Ýene-de okaň

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär