DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gondurasyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Bilelikdäki beýanata gol çekildi. Resminama gol çekmek dabarasy Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Meri Ýelizaweta Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda halkara guramalarynyň çäginde, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde özara gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan we Gonduras hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.

Related posts

Aşgabat we Moskwa Owganystanyň durnuklylygynyň tarapdary

Dubaýyň hökümeti kagyz resminamalaryndan ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Hindistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri