DÜNÝÄ

Tramp: Özbegistan ABŞ-a 35 milliardlyk maýa goýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Özbegistanyň üç ýylyň dowamynda amerikan ykdysadyýetine önüm satyn almak we maýa goýmak arkaly 35 milliard dollar goýjakdygyny aýtdy.

“Men ABŞ bilen Özbegistanyň arasynda ajaýyp söwda-ykdysady şertnama barada habar bermäge şatdyryn” diýip, amerikan lideri “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

“Öňümizdäki üç ýylyň dowamynda Özbegistan [önümleri] satyn alar we möhüm amerikan pudaklaryna – peýdaly känlere, awiasiýa, awtoulag şaýlarynyň önümçiligine, infrastruktura, oba hojalygyna, energetika, himiýa senagatyna, maglumat tehnologiýalaryna we beýlelere diýen ýaly 35 milliard dollar maýa goýjak, indiki on ýylyň dowamynda bolsa bu mukdar 100 milliard dollardan hem köp bolar.” diýip, Tramp belledi.

Tramp Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we ABŞ-nyň bu ýurt bilen “uzak möhletleýin we netijeli gatnaşyklary” dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Amerikanyň Prezidenti  Ak Tamda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy