DÜNÝÄ

Türkiýede Mejlisiň täze ýolbaşçysy saýlandy

14-nji maýda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde mejlisiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berişlik gurnaldy. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň umumy mejlisinde geçirilen ses berişlikleriň ilkinji 2 tapgyrynda Mejlisiň täze ýolbaşçysy saýlamak başartmady.

3-nji tapgyrda sesleriň köp bölegini alan Adalat we Ösüş partiýasynyň (AK parti) hem-de MHP partiýalarynyň dalaşgäri Numan Kurtulmuş Mejlisiň başlygy wezipesine saýlandy.

Numan Kurtulmuşyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanmagyna degişli karar ýurduň resmi gazetinde çap edildi.

Ol Türkiýäniň 30-njy mejlis başlygy boldy.

Numan Kurtulmuş ýokary we aspirantura bilimini Stambul uniwersitetiniň Menejment fakultetinde tamamlady. 1992-nji ýylda ykdysady ylymlaryň doktory derejesine eýe bolan Numan Kurtulmuş 1994-nji ýylda dosentlik derejesine aldy. Ol ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde akademik işleri alyp bardy we 2004-nji ýylda proffesor derejesini aldy.

Numan Kurtulmuş Türkiýäniň meşhur syýasatçylaryndan biridir. Ol ýurduň hökümetiniň düzüminde dürli wezipelerde işledi we Premýer-ministriň orunbasary wezipesini alyp bardy.

Related posts

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Tailand ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi

4-nji fewral ― Halkara doganlyk güni

Leave a Comment