DÜNÝÄ

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar kyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşigiň milli däpleri, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga we medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm medeni-ynsanperwer meýdança hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapy öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi