DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragy barada türkmen-özbek bilelikdäki çäreleri guralar

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Taraplar medeni gatnaşyklary berkitmekde edebiýatyň uly ornunyň bardygyny, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup durýandygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi we bu möhüm waka mynasybetli Türkmenistanda şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, we şol bir wagtda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi nygtaldy.

Şunlukda, bu wajyp senäni ýokary derejede bellemek üçin bilelikdäki çäreleri guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy