«Real Madrid» Braim Dias bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
Ispaniýanyň «Real Madrid» futbol kluby Marokkanyň milli ýygyndysynyň wingeri Braim Dias bilen şertnamasyny uzaltdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.
Täze şertnama 2031-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
Braim Dias 27 ýaşynda. Ol 2019-njy ýylda «Real Madrid» toparyna goşuldy. Madrid klubunyň düzüminde futbolçy Çempionlar ligasynyň (2024) ýeňijisi, Ispaniýanyň iki gezek çempiony (2020, 2024), Kontinentara kubogynyň (2024), UEFA Superkubogynyň (2024) we Ispaniýanyň Superkubogynyň (2024) eýesi boldy.
Dias «Real Madrid» üçin jemi 173 duşuşyk geçirip, 22 gol geçirdi we 34 netijeli pas berdi.
Marokkanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän futbolçy 2025-nji ýylda Afrika Milletler kubogynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol ýaryşda 5 gol geçirip, iň köp gol geçiren oýunçy boldy.
Braim Dias Marokkanyň milli ýygyndysynda şu wagta çenli 36 duşuşyk geçirip, 15 gol geçirdi we 8 netijeli pas berdi.
«Mançester Ýunaýted» Bruno Fernandes bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaldar
Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Bruno Fernandes bilen şertnamany 2028-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaltmak baradaky hukugyny herekete getirdi. Bu barada žurnalist Deýwid Ornşteýn “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Mundan öň futbolçy bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti indiki tomusda tamamlanmalydy. Ornşteýniň maglumatyna görä, täze şertnamanyň baglaşylmagy portugaliýaly ýarymgoragçynyň klubdan gitmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
Bruno Fernandes 32 ýaşynda. Ol 2020-nji ýyldan bäri «Mançester Ýunaýted» toparynda çykyş edýär. Toparyň düzüminde Angliýanyň Kubogyny we Angliýanyň Liganyň kubogyny gazandy.
Fernandes ozal Italiýanyň «Udineze» we «Sampdoriýa» klublarynda, şeýle hem Portugaliýanyň «Sporting» toparynda çykyş etdi. «Sporting» bilen Portugaliýanyň Liganyň kubogyny iki gezek we Portugaliýanyň Kubogyny bir gezek gazandy.
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa Milletler ligasynyň iki gezek (2019, 2025) ýeňijisi boldy.
