SPORT

Tokio-2020: Russiýa 15-nji altyn medalyny gazandy

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Russiýanyň milli ýygyndysy 15-nji altyn medalyny gazandy. Bu medaly rus boksçy Albert Batyrgaziýew eýeledi. Ol 57 kilogram agramda çykyş edip, Russiýa 15-nji altyn medalyny gazandyrdy.
Albert Batyrgaziýew final tutluşygynda amerikaly Dýuk Regany ýeňmegi başardy. Eminleriň aglabasy Albert Batyrgaziýewiň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler.
Bu ugurda üçünji orny kubaly Lazaro Alwares hem-de ganaly Samuel Taki eýeledi.
Häzirki wagtda medalalryň sanawynda Hytaý öňde barýar.
ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMİ
1 Hytaý 33 24 16 73
2 ABŞ 27 34 24 84
3 Ýaponiýa 21 8 14 43
4 Awstraliýa 17 4 18 39
5 Russiýa 15 21 19 55
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tokio-2020-uc-dunya-rekordy-bilen-olimpiya-oyunlarynda-yeniji-boldy/

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder