SPORT

Ýewropa ligasynyň kubogyny “Sewilýa” gazandy

Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan soňky 2-nji derejeli ýaryşy bolan Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň “Sewilýa” bilen Italiýanyň “Roma” toparlary duşuşdy.

Esasy we goşmaça wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda ýeňijini we kubogyň eýesini 11 metrlik jerime urgulary mälim etdi. Şonda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Sewilýa” topary 7-nji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy.

Duşuşyk Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki “Puşkaş” stadionynda geçirildi.

Related posts

Futbol dünýäsiniň ägirdi Pele aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Moldowanyň topary ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş edýär

Leave a Comment