JEMGYÝET

Wengriýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana doglan güni mynasybetli iberen hatynda bellenilip geçilýär.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany 60 ýaş toýy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

– Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn – diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilip geçilýär.

 

Related posts

Sürüjisiz ýük ulagy

vepa

Türkmenistanda bugdaý ekişi tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan DIM: Halkara brifing geçirildi

vepa

Leave a Comment