JEMGYÝET

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň gollanmasy

23-nji noýabrdan 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçiriler. Gözel paýtagtymyz Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge taýýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumy birbada 5 müňden gowrak janköýere sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berer.

Şu gezekki dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde, zenanlar bolsa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşerler. Pälwanlar medal toplumlarynyň 15-si ugrunda göreşer. Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň gollanmasyny şu PDF-i ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler