DÜNÝÄ

Türkmenistan-ÝB: hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty

Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda geçirilen duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyra öwrülendigi nygtaldy.

Şeýle hem türkmen tarapy parlamentara gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryna ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy