JEMGYÝET

SPEKA sammiti: Türkmenistan Bakudaky sergä gatnaşýar

Azerbaýjan Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) hepdeligini kabul edýär. Şeýle hem Baku şäherinde SPEKA maksatnamasy boýunça birinji ýokary derejeli sammit geçiriler.

Bu sammitiň öňüsyrasynda Baku şäherinde SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy döwletleriň sergisi guraldy. Sergi SPEKA maksatnamasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Baku şäherindäki EKSPO merkezde geçirilýän sergi üçin 4 müň inedördül metr ýer bölünip berildi. Bu ýerde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň önümleri görkezilýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bu sergä aýlanyp gördi. Sergide ähli döwletleriň özleriniň eksport ugurly önümleri we harytlaryny görkezýär.

Türkmenistan döwletimiziň sergi diwarlygynda türkmen halkynyň buýsanjy bolan türkmen halylary bilen bir hatarda ýurdumyzda öndürilýän dokma önümler, senagat harytlary hem giňden görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, Baku şäherinde geçiriljek sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

SPEKA maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem olary dünýä ykdysady ulgamyna utgaşdyrmak maksady bilen 1998-nji ýylda esaslandyryldy.

Bu maksatnama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletler gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler