SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün söýgi gatnaşyklarynda garaşylmadyk duşuşyk ýa-da habar ýüze çykyp biler. Bir wagtlar ýakyn bolup, soňra dürli sebäplere görä aragatnaşygyňyz kesilen adam täzeden durmuşyňyzda peýda bolup biler. Emma olaryň  öňki   aýdýan sözleri duýgularyňyzy  oýarar, ýöne geçmişde bolup geçen ýagdaýlary bu gün ýatdan çykarmak maslahat berilýär.Täzeden başlanýan gatnaşyklara howlukman, ilki bilen niýetleriň näderejede çynlakaýdygyna düşünmäge çalşyň.

 Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün söýgi durmuşynda durnuklylyk we ynam meselesi möhüm bolar. Gatnaşyklaryňyzda geljek barada gürrüň açylmagy, bilelikdäki meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy mümkin. Käbir Sowurlar ýakyn adamynyň özlerine bolan garaýşynyň üýtgändigini duýup, ýüreklerini rahatlandyrjak  sözlerini eşiderler. Ýalňyzlar bolsa, özlerine ýakymly täsir galdyrýan biri bilen has ýakyndan tanşyp bilerler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

 Bu gün öňden bäri çözgüdini tapyp bilmedik meseläňize başgaça çemeleşmek mümkinçiligi dörär. Öň size kyn görünýän ýagdaýyň aslynda çylşyrymly däldigine göz ýetirip bilersiňiz. Şeýle hem söýgi bilen dostlugyň arasyndaky serhet bu gün käbir Jöwzalar üçin has düşnüksiz bolup biler. Öň diňe dost hökmünde gatnaşýan adamyňyzyň size başgaça garaýandygyny duýmagyňyz ýa-da öz duýgularyňyzyň üýtgändigine göz ýetirmegiňiz mümkin. Bu ýagdaý sizi birneme oýlandyrsa-da, derrew netije çykarmaga howlukmaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ýakyn adamyňyzyň soňky döwürde üýtgän hereketleri ýa-da sowuk gatnaşygy sizi alada goýup biler. Käbir zatlary özüňize degişli kabul edip, onuň sebäbini gözlemäge başlarsyňyz. Emma çaklamalar bilen özüňizi ýadatmaň. Açyk gürrüňdeşlik köp soraglaryň jogabyny  tapyp berer. Eger gatnaşyklaryňyzda üns we mähir ýetmezçiligi duýulýan bolsa, özüňiziň nämä garaşýandygyňyzy aýdyň beýan etmekden çekinmäň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

 Bu gün özüňizi görkezmäge we başarnygyňyzy subut etmäge mümkinçilik döremegi mümkin. Işde ýa-da jemgyýetçilik gatnaşyklarynda öňe çykmakdan çekinmäň, sebäbi siziň teklibiňiz başgalaryň ünsüni çekip biler. ŞBu gün söýýän adamyňyz bilen baglanyşykly bir hoş habar ýa- ýakymly garaşylmadyk hereket  siziň   keýpiňizi göterip biler.Gatnaşyklaryňyzda soňky wagtlarda gündelik durmuşyň birmeňzeşligi duýulýan bolsa, täze bir zatlary bilelikde synap görmek üçin mümkinçilik döreder. Ýalňyz Esetleriň biri hem özüne aýratyn gyzyklanma bildirýän adam bilen tanşyp biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Käbir Sümbüleler  söýgi gatnaşyklarynda özleriniň köp zat edip, garşylygynda az üns alýandyklary barada oýlanarlar. Bu gün biriniň size bolan garaýşyny sözlerden däl, hereketlerinden kesgitlemek islemegiňiz mümkin. Öňden bäri dowam edýän gatnaşyklarda deňagramlylygyň bozulandygyny duýsaňyz, bu barada açyk gürrüň etmegiň wagty geldi. Ýalňyz Sümbüleler  bolsa, diňe ýakymly sözlere däl, ynam döredýän we jogapkärçilikli hereketlere ähmiýet bererler.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bir wagtlar ýüregiňizde aýratyn orun eýelän adam bilen bagly ýatlamalar bu gün täzeden ýüze çykyp biler. Köne surat, aýdym ýa-da tötänleýin eşiden habar geçmişi ýadyňyza salar. Siz şol gatnaşyklaryň näme üçin tamamlanandygyny we häzirki wagtda näme isleýändigiňizi özüňiz üçin seljermäge başlarsyňyz. Emma Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz ýa-da kärdeşleriňiz bilen bagly bir meselede  olara goldaw bermeli bolmagyňyz hem müňkin.

 Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Söýgi gatnaşyklarynda ynam bilen bagly mesele bu gün esasy tema bolup biler. Biriniň aýdýan sözleri bilen edýän hereketleriniň gabat gelmeýändigini duýarsyňyz.Käbir Akraplar özleriniň uzak wagtlap gizlap gelen duýgylaryny  aýtmagy karar bererler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Söýgi durmuşynda uzak aralyk ýa-da wagt ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Ýakyn adamyňyz bilen görüşmek isleýändigiňize garamazdan, iş, okuw ýa-da başga borçlar meýilnamalaryňyza päsgel bermegi mümkin. Şeýle ýagdaýda biri-biriňize düşünmek we sabyrly bolmak gatnaşyklary saklamaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda bolsa bir ýerden başga ýere gitmek, duşuşyga gatnaşmak ýa-da öňden meýilleşdirilen işi ýerine ýetirmek bilen günüňiziň geçmegi mümkin. Käbir Kowuslar bolsa  geljekki işi barada barada täze maglumatlary alarlar. Bu habar entek anyk karara gelmäge ýeterlik bolmasa-da, meýilnamalaryňyzy giňeltmäge itergi berer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

 Bu gün çynlakaý iş gepleşikleri, möhüm şertnamalara gol çekişmek, işewürligiň bähbidine saparlar üçin diýseň amatly gün . Işiňizde  üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga synanyşyň. Şeýle hem gatnaşyklaryňyzda  geljegiňiz  barada çynlakaý pikirlenmäge sebäp boljak gürrüň hem bolup biler.

Daluw (gowa 21.01 — 20.02)

Bu gün söýgi durmuşynda özbaşdaklyk bilen ýakynlygyň arasynda deňagramlylyk gözlärsiňiz. Ýakyn adamyňyz bilen köp wagt geçirmek isleýän bolsaňyz-da, öz şahsy işleriňize we gyzyklanmalaryňyza hem üns bermek zerurlygyny duýarsyňyz. Emma bu ýagdaý käbir gatnaşyklarda nädogry düşünilmegi mümkin, şonuň üçin öz garaýyşlaryňyzy ýumşak düşündirmäg çalyşyň. Sizi hakykatdan hem düşünýän adam bilen aragatnaşyk bu meseläni  çynlakaý kynçylyga öwrülmez.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün ýalňyz Hutlar üçin täze tanyşlyk duýdansyz, ýöne ýakymly ýagdaýda başlanyp biler. Adaty bir söhbetdeşlik, dostlaryň üsti bilen duşuşyk ýa-da bile gatnaşan çäreňiz kimdir biri bilen has ýakynlaşmagyňyza sebäp bolar. Ilkibaşda bu gatnaşyga uly ähmiýet bermeseňiz-de, soňra şol adam bilen ýene duşuşmak isleýändigiňizi duýup bilersiňiz.Şeýle hem  öz duýgularyňyza mümkinçilik beriň, ýöne täze tanşan adamyňyza doly ynanmak üçin wagt gerekdigini  hem unutmaň.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

Related posts

Hepdelik täleýnama (27-02-dekabr,ýanwar)

25-nji Aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama