JEMGYÝET

Hytaý Türkmenistanyň Halkara hukuk ýyly baradaky başlangyjyny goldaýar

Şu gün Aşgabatda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny taýýarlamak we geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň Milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanyp geçirilýän brifingde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin çykyş etdi.

«Ata Watan Media» toparynyň hem gatnaşýan brifinginde ilçi Türkmenistanyň bu halkara başlangyjyna Hytaýyň goldawyny beýan etdi.

Şeýle hem diplomat Hytaý Halk Respublikasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridigini belledi.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň halkara başlangyjyny goldaýar

Şu gün Aşgabatda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny taýýarlamak we geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň Milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanyp geçirilýän brifingde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýuk Pýer Dewin çykyş etdi.

«Ata Watan Media» toparynyň hem gatnaşýan brifinginde ilçi Türkmenistanyň Halkara hukuk ýyly bilen bagly başlangyjyna Ýewropa Bileleşiginiň goldawyny beýan etdi.

Related posts

Devlet Başkanlığına toplam 8 aday var

vepa

Orta Asya’da Enerji Güvenliği meselesi Türkmenistan’da masaya yatırıldı

vepa

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar