BIZNES

Aşgabatda «ITTC-2026» hem-de «Türkmentel-2026» halkara sergileri başlady

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşine bagyşlanan iki sany iri halkara çäre öz işine başlady.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─  2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň ulag-logistika we sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini halkara derejede tanyşdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegindäki ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Giň möçberli çäreleriň çäklerinde telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, emeli aň, 5G ulgamy, sanly platformalar, maliýe tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy boýunça döwrebap çözgütler oňa gatnaşyjylaryň dykgatyna hödürleniler. Ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde bolsa, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, üstaşyr gatnawlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we ulag arabaglanyşygyny berkitmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 Bu iri halkara çäreler 2026-njy ýylyň 26-njy noýabryna çenli dowam eder.

Related posts

Türkmenistandan we Gazagystandan BTJ arkaly nebit daşamak 13% artdy

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär