SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün öňden bäri garaşýan işiňiz ýa-da haýyşyňyz boýunça habar gelip biler. Işde kimdir biriniň siziň pikiriňize garşy çykmagy mümkin,emma  bu ýagdaý size öz pikiriňizden ýüz öwürmäge sebäp bolmasyn. Arkaýyn düşündirmek we delillere daýanmak arkaly özüňiziň mamla bolandygyňyzy görkezmäge mümkinçilik taparsyňyz. Maliýe babatda öňden meýilleşdirilmedik çykdajy ýüze çykyp biler, şonuň üçin puluňyzy seresaply ulanmaga çalyşyň .Söýgi durmuşynda bolsa, ýakyn adamyňyz bilen aradaky düşünişmezligi çözmek üçin amatly pursat. Käbir meseleleriň çözgüdi diňe bir tarapdan ädim ätmek bilen başlanýar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bir wagtlar size gyzykly bolup görünmedik teklip bu gün başgaça görünmegi mümkin. Täze hünär, goşmaça iş ýa-da özbaşdak girdeji gazanmak bilen bagly pikirler ýüze çykyp biler. Siz bolsa bu ugurlarda ilkinji ädimleri ätmek üçin maglumat toplamaga girişseňiz, soňraky kararlaryňyza has aňsat  ýetip bolar.Şahsy durmuşda biriniň sizi ýalňyş düşünmegi mümkin, şonuň üçin aýdýan sözleriňize üns beriň. Agşam özüňize degişli bir işi ýerine ýetirmek ýa-da uzak wagt bäri isleýän zadyňyzy etmek keýpiňizi gowulaşdyrar

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Duýgurlygyňyz güýçli bolup, töweregiňizdäki adamlaryň ýagdaýyna has çuňňur düşünip bilersiňiz. Bu aýratynlyk gatnaşyklarda peýdaly bolsa-da, başgalaryň aladasyny öz üstüňize çalyşyň. Işde bir mesele boýunça kömek soramakdan çekinmäň, sebäbi bilelikde çözgüt tapmak has aňsat bolar. Söýgi durmuşynda mähirli gürrüň, bile geçirilen wagt ýa-da ýönekeý üns size garaşylýan şatlygy getirip biler.Günüň ahyrynda özüňize dynç almak we içki rahatlygyňyzy dikeltmek üçin mümkinçilik dörediň.

 Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Maşgala býujetini ýa-da umumy çykdajylary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Öň meýilleşdirilmedik töleg, öý üçin zerur zat ýa-da çagalar bilen bagly çykdajy ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýda ähli zady bir wagtda çözmäge howlukman, mümkinçilikleriňize görä hereket ediň.Işde biriniň size tabşyran işi ynamyňyzy artdyrar, emma onuň ýerine ýetirilişine degişli ownuk şertleri anyklamak gerek. Şahsy gatnaşyklarda bolsa, biriniň size bolan garaýşyny üýtgeden ýaly duýsaňyz, netijä gelmezden ozal onuň bilen gürleşiň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün köpçüligiň öňünde çykyş etmek, öz pikiriňizi beýan etmek ýa-da bir işiň ýolbaşçylygyny öz üstüňize almak mümkinçiligi döräp biler. Özüňize ynamyňyz artar, ýöne başgalaryň hem goşandyny kabul etmek umumy netijäni has gowy eder. Bir dostuňyz ýa-da ýakyn adamyňyz size garaşylmadyk teklip bilen ýüz tutup biler. Olaryň teklibini kabul edip uly üstsnlikleri we girdejileri gazanyp bilersiňiz.Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, romantik garaşmalardan has köp gündelik hereketleriň ähmiýeti ýüze çykar. Biriniň siziň üçin wagt tapmagy ýa-da ýönekeý alada bildirmegi köp zady düşündirip biler.

 Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Öňden bäri üns berilmedik bir saglyk ýa-da gündelik durmuşyňyz bilen bagly aladalaryňyzyň ýüze çykmagy müňkin. Şeýle ýagdaýlarda ähli zadyň tertibini üýtgetmek, zerur zatlary meýilleşdirmek ýa-da özüňize has köp wagt aýyrmak baradaky karara gelersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda işde bir mesele boýunça  resminamalaryňyza birnäçe gezek gözden  geçirmek gerek bolup biler, bu bolsa soňraky kynçylygyň öňüni alar. Şeýle-de, kimdir biriniň size beren sözüni ýerine ýetirmegine garaşýan bolsaňyz, bu gün onuň ýagdaýy aýdyňlaşar. Öýüňizde tertip-düzgün bilen bagly ownuk üýtgeşmeler hem rahatlyk berer.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bir çakylyk, dabaraly çäre ýa-da dostlaryň arasynda geçiriljek duşuşyk baradaky habar günüňize täsir edip biler. Siz köp wagt bäri görmedik adamlaryňyz bilen duşuşyp, öňki ýakymly pursatlary ýatlamagyňyz  hem mümkin. Şeýle hem  döredijilik, bezeg, egin-eşik ýa-da öz daşky görnüşiňiz bilen bagly zatlara  üýtegtmäge bolan gyzyklanmaňyz artar.Işde bir teklibi kabul etmekden öň onuň size näderejede laýyk gelýändigini ölçäp görüň. Söýgi durmuşynda bolsa, gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin goşmak üçin adaty bolmadyk bir meýilnama düzüp bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Öýüňiz ýa-da ýaşaýyş şertleriňiziň üýtgemegi bilen bagly pikirler bu gün has köp ünsüňizi çekip biler. Täze öý gözlemek, abatlaýyş, mebel satyn almak ýa-da maşgala bilen bagly bir karary ara alyp maslahatlaşmak mümkin. Şeýle hem öň çözülmesi kyn bolan Bir meseläňiz  boýunça dürli pikirde bolan adam bilen ylalaşyga gelmek hem başardar.Işde bolsa, özüňize degişli meseleleri başgalaryň pikirine gulak asman  özüňiz çözmäge çalşyň.Günüň ahyrynda maşgalaňyz bilen geçirilen ýönekeý gürrüň size garaşylmadyk ruhy rahatlyk berer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Täze habarlar, resminamalar ýa-da bir teklip bilen baglylykda günüň dowamynda birnäçe gezek meýilnamaňyzy üýtgetmeli bolmagyňyz mümkin. Okuw, syýahat, iş ýa-da başga şäherde ýaşaýan adamlar bilen gatnaşyklar babatda öňe gidişlik bolar. Şeýle hem Bir meseläniň çözgüdini tapmak üçin ozal ýüz tutmadyk adamyňyz bilen maslahatlaşmak bu gün  has  peýda berer.Şahsy durmuşda bolsa, özüňiziň we ýakyn adamyňyzyň geljek baradaky garaýyşlarynyň deň gelýändigine düşünmek möhüm bolup biler. Käbir gürrüňler size täze pikirleriň döremegine sebäp bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Maliýe ýagdaýyňyzy has anyk görmek üçin girdejileriňizi we çykdajylaryňyzy seljermek zerurlygy ýüze çykyp biler. Isleýän zatlaryňyzyň satyn alşygyny  başga wagta geçirmek we  pul tygşytlamak bu gün köp zatlaryň öňüni almaga  mümkinçilik döreder.Şeýle hem Işde öňden bäri dowam edýän bir mesele boýunça siziň tejribäňize ýüz tutarlar. Bu ýagdaý özüňiziň ähmiýetli işgär ýa-da hyzmatdaşdygyňyzy duýmaga kömek eder.Maşgalaňyzda bolsa, biriniň islegi bilen öz meýilnamaňyzyň arasynda deňagramlylyk tapmak gerek bolar.

Daluw (gowa 21.01 — 20.02)

Bu gün özüňiz üçin täze bir başlangyç etmek islegi güýçlenip biler. Öň diňe pikir edip ýören işiňizi hakykata öwürmek, täze sahypa açmak ýa-da käbir endikleriňizi üýtgetmek barada karar alarsyňyz. Bir dostuňyzyň garaşylmadyk hereketi sizi geň galdyryp biler, emma onuň sebäbine düşünmek üçin biraz wagt gerek.Işde tehniki, döredijilik ýa-da guramaçylyk bilen bagly meseleleriň çözgüdini tapmakda başarnygyňyz peýda berer. Şahsy durmuşda özüňize degişli çäkleri kesgitlemek hem möhüm bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bir wagtlar tamamlandy diýip hasaplan meseläňiz täzeden gündeme gelip biler. Bu ýagdaý size öňki kararyňyzy gözden geçirmek ýa-da başga bir çözgüt tapmak zerurlygyny görkezer.Şeýle hem Işde arkaýyn şertlerde ýerine ýetirilmeli bir işi başlasaňyz, netijesi has gowy bolar. Gsünüň ikinji ýarymynda bolsa Ýakynlaryňyzyň biri bilen bagly alada ýüze çykyp biler, ýöne ýagdaýy özüňizden çaklaman, anyk maglumat almaga çalşyň.Agşam döredijilik bilen meşgullanmak, kitap okamak ýa-da halaýan işiňiz bilen wagt geçirmek ruhy taýdan rahatlanmaga kömek eder.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

Related posts

5-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

7-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

19-njy iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama