DÜNÝÄ

Aşgabatda hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi

Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar.

Gün tertibine hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag, şertnama-hukuk ulgamy şunda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebit arabaglanyşygyny berkitmekde ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň ählumumy ösüşe täsirini ýetirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ermeni tarapy şu günler Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä, «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmagyň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtadylar. Bu forumlar Türkmenistanyň möhüm strategik ugurlarda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga, özara hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti ulag geçelgesini işjeňleşdirmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde emeli aňyň sebit döwletleri üçin açýan mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar uglewodorod serişdeleriniň, elektrik energiýasynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryna ähmiýet berdiler. Ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Hususan-da, ylmy-tehniki gazanylanlary, bar bolan innowasion işleri alyşmagy ýola goýmagyň möhümdigi nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek maksady bilen, ylmy-tehniki gatnaşyklaryň anyk çärelerini kesgitlediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sport federasiýalarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek wajypdyr.

Medeniýet ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada maslahatlaşmalaryň çäklerinde özara Medeniýet günlerini geçirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we goramak babatda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Dostlukly döwletiň wekiliýet agzalary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde üstünlikli işlemäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Related posts

Türkiýede mekdepler 20-nji fewralda açylar

Milletvekili Adayların yüzde 26’si kadın

vepa

Türkmenistan, 2019 Asya Kupası’na katılıyor

vepa