Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar üçin hereketli gün. Irden içiňizde güýçli itergi duýarsyňyz. Karar bermekden çekinmäň. Adamlar sizi synlap bilerler. Emma siz olaryň garaýyşyna bagly bolmaň. Öz ýoluňyzy saýlaň. Işde ýeriňizde täze mümkinçilikler peýda bolar. Çalt reaksiýa gerek bolar. Käbir zatlar saňa kyn ýaly görüner. Emma siz ýeňip bilersiňiz. Günortadan soň ýagdaý ýeňilleşer. Bir gowy habar alarsyňyz. Agşam ruhuň rahatlanar. Özüňize ynam güýçlener.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün asudalyk siziň ýoldaşyňyz bolar. Howlukmakdan gaça duruň. Her bir ädimiňizi oýlanyşykly ädiň. Pul bilen bagly meselelerde seresap bouňl. Gereksiz harajatlardan saklanyň. Işde tertiplik sizi gorar. Ýakynlaryňyz size maslahat berip bilerler. Olary diňlemek peýdaly bolar. Günortadan soň rahatlyk artar. Maşgalaňyz bilen ýyly gürrüňler bolar. Ýüregiň ýeňleşer. Agşam öýde bolmak islärsiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün pikirleriňiz çalt üýtgär. Köp zatlar bir wagtda ünsüňizi çeker. Emma saýlamaly bolarsyňyz. Aragatnaşyk güýçli bolar. Kimdir biri size kömek eder.Olardan täze maglumatlary alarsyňyz. Işde döredijilik peýda berer. Kiçi jedeller bolup biler. Emma siz ýagdaýy ýumşadarsyňyz. Günortadan soň ruhuň ýeňilär. Dostlaryňyz bilen habarlaşarsyňyz .Agşam täze pikirler peýda bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün geçmiş hakda oýlanarsyňyz. Emma öňe seretmek möhümdir. Işde birneme dartgynlyk bolup biler. Sabyrlylyk sizi gorar. Ýakyn adamlaryňyzdan goldaw alarsyňyz. Bu sizi rahatlandyrar. Maşgalaňyz bilen gürrüň ýyly bolar. Ýüregiňiz açylar. Günortadan soň kiçi bir begenç döräp biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Adamlar saňa üns berer. Ynamly bol. Täze mümkinçilikler gapyňyzy kakar. Ony ýitirmäň. Işde üstünlikler mümkin. Emma ulumsylykdan gaça duruň. Kimdir biri sizi goldar. Bu bolsa sizi güýçlendirer. Günortadan soň täze habarlary alarsyňyz. Söýgi tarapynda ýylylyk bolar. Agşam özüňe buýsanç duýarsyň.Energiýaňyz ýokary bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün takyklyk möhüm bolar. Her bir kiçi zat rol oýnar.Meýilnama boýunça hereket ediň. Işleriňiz gowy gider. Emma ownuk ýalňyşlyklardan gaça duruň. Kärdeşleriň bilen aragatnaşyk möhüm bolar. Günortadan soň ýadawlyk duýulyp bilersiňiz. Dynç almak gerek. Maşgalaňyz size rahatlyk berer. Söýgi tarapynda durnuklylyk bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün saýlaw güni ýaly. Iki ýol arasynda galarsyňyz. Emma içki sesiňiz size dogry ýol görkezer. Adamlar bilen düşünişmek aňsat bolar. Gowy gepleşikler peýda berer. Işde hyzmatdaşlyk güýçli bolar. Günortadan soň ýagdaýlar ýeňlär we birnäçe mümkinçilikler bolar. Söýgi tarapynda ýylylyk artar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün duýgurlygyňyz güýçli bolar. Adamlaryň niýetini çalt duýarsyňyz. Bu seni gorar. Emma şübhe bilen ýaşama. Işde möhüm ýagdaý ýüze çykar. Çalt karar gerek bolar. Güýjüňi dogry ulan. Günortadan soň ýagdaý durnuklaşar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gürrüň bolar. Bu ýüregiňizi ýeňleder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün Kowuslary täze ýerler ýa-da pikirler özüne çeker. Howlukma, ýöne hereket et. Işde täze ýol açylyp biler. Adamlar bilen aragatnaşyk giňeler. Gowy habarlary alyp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz bilen gyzykly wagt geçirersiňiz.Söýgi tarapynda ýeňillik duýular. Maşgala bilen ýyly gatnaşyklaryňyz bolar. şeýle hem olara bolan ynamyňyz artar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün çynlakaýlyk sizi öňe alyp barar. Maksadyňyz aýdyň bolar. Işde netijeleri görünip başlarsyňyz. Sabyrlylyk siziň esasy güýjüňizdir. Maliýe meselelerinde pikirlenmek gerek bolar. Kimdir biri size maslahat berer. Ony diňläň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün döredijilik açylar. Täze pikirler seni tapar. Adaty däl çözgütler peýda bolar. Işde tapawutly bolarsyňyz we ýolbaşçylaryňyz size üns berer. Günortadan soň kiçi kynçylyk bolup biler. Emma olary siz aňsat çözersiňiz. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Söýgi tarapynda gyzykly wakalar bolar. Maşgala bilen ýylylyk artar. Agşamara rahatlyk taparsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün duýgular güýçli bolar. Içki dünýäňize çümersiň. Emma hakykatdan gaça durmaň. Işde ýuwaş öňegidişlik bolar. Sabyrly bolmak gerekdir . Ýakyn adamlaryňyz sizi goldarlar. Bu sizi güýçlendirer. Günortadan soň rahatlyk artar. Söýgi duýgusy güýçlener. Maşgalaňyz bilen ýyly pursatlar bolar. Agşam dynç almak islärsiňiz. Ruhy taýdan arassalanarsyň. Ertire umyt bilen seredersiňiz.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
