Bir gün agam Aşyrberdi Kürt: «Şu sende dursun» diýip bölejik kagyz berdi. Kagyzyň ýüzünde iki sany at, familiýa ýazylgydy.
— Näme üçin? — diýip agamyň ýüzüne seretdim. Ol:
— Bilip bolmaz, birden yzymda arhiwimi öwrenilmeli bolsa, şu ikisine ynanýan — diýdi-de, degişme bilen:
— Entek, galabanyň ýedi-aşyny iýmän gidesim ýok-la — diýip güldi. Onsoň onuň bu gürrüňine gaty bir ünsem bermedim. Barybir iki sany adamyň ady bolsa ýadymdan çykasy ýok-la — diýip, kagyzy bir ýerde ýygnadym. Indem tapamok. Şol ýazgyda taryhçy Öwez Gündogdyýewiň ady ýazylgydy, anyk ýadymda, beýleki biriniň ady welin hiç ýadyma düşenok. Ondan bäri kyrk ýyla golaý wagt geçdi. Sebäbi agamyň dünýeden gaýdanyna otuz ýyl bolup barýar, emma onuň bu sargydyny hiç undup bilemok. Öz ýanymdan: «Öwez Gündogdyýewiň zehinine juda göwni ýetendir, ýogsa agam oňa aňsat-aňsat arhiwini ynanmazdy?» diýip pikir edýän.
Dogrusy, Öwez Gündogdyýewiň taryhçy alymdygyny bilýärdim. Onuň metbugat sahypalarynda çap bolan makalalaryna kän gabat gelýärdim. Men oňa agam bilen deň-duşurak ýaşuludyr öýdýärdim. Indi onuň arhiw maglumatlaryny öwrenip ýörün welin, asyl ol agamdan kän kiçi eken.
Öwez Gündogdyýew 1966-njy ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda doglan. Paýtagtymyzdaky 13-nji orta mekdepde orta bilim alýar. Soňra 1983–1990-njy ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde okaýar. Talyp döwründe iki ýyl harby gullukda bolýar.
— Ahyry bir gün Öwez Gündogdyýew hakynda-da ýatlama ýazaryn — diýip, bu maglumatlary bellik edip goýupdym.
Bäş-on ýyllykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenje bardym. Muzeýiň diwarynda belli arheologlaryň asylyp goýlan suratlarynyň arasynda Öwez Gündogdyýewiň suratyny gördüm. Pälwan sypatly keşbini synlap: «Türkmen göreşi bilen meşgullandymyka?» diýip, sport bilen türgenleşýäne meňzetdim. Anyk bilmesem-de dogry pikir edipdirin.
Arada arhiw gazetleri görüp otyrkam kärdeşim Döwlet Heşdekowyň «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 13-nji aprel sanynda çap bolan «Salamdan başlanýan sambo» atly makalasyny okadym. Makalanyň bir böleginde: «Goňşymyz Maksat aga gürrüňçil adamdy: «Bir gezek ol garaşylmaýan adamyň adyny tutdy: «Öwez Gündogdyýewi tanaýaňyzmy?! Ol — taryhy kitaplary ýazyp ýören alym. Biler bolsaňyz, ol hem kurtkadyr kimono geýip bilini guşanlaryň biri. Sambo, ine, şeýle tanymal adamlary-da özüne çekýän sungat» diýdi.

Öwez Gündogdyýew. Men bu ada soň-soňlaram köp gabat geldim. Sport žurnalistikasyna ýykgyn edemsoň, professoryň toýlarymyzyň bezegi bolan milli oýunlarymyzyň taryhy baradaky ylmy makalalary bilen tanyşdym. Onuň durmuşynyň köplere mälim bolmadyk sambodyr dzýudo dahylly bölegi hem, isleseň-islemeseň uly gyzyklanma döredýär — diýip, awtor «Mugallymlar gezeti» gazetiniň redaksiýasynda işleýän döwründe Öwez Gündogdyýewi ýüzbe-ýüz görendigini ýatlap:
— Öwez Gündogdyýew çagalykda demgysmadan ejir çekipdir. Orta mekdebiň başlangyç synplarynda okaýan döwürleri, lukmanlar oňa bedenterbiýe sapagyna gatnaşmagy maslahat bermändirler. Ýöne 1977-nji ýylda şol wagtky «Zähmet» sport jemgyýetiniň sambo bölümine ýazylmagy bilen, saglyk ýagdaýy görnetin gowulaşyp başlapdyr.
Tälimçi Wladimir Gusewiň ýolbaşçylygynda geçirilen türgenleşikler Öwezi mazaly taplapdyr. Sport mekdebiniň birinjiliginde tapawutlanýan türgene şäher, ýurt derejesindäki ýaryşlar gujak geripdir. Bu bäsleşiklerde özüňi görkezseň halkara arenasyna ýol açylýar. Geljekki alym Başgyrdystanyň Sterletamak şäherinde sambo boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanýar. Netijede, birnäçe deň-duşlaryny ahmyrda goýan türkmen pälwany ata Watana kümüş medally dolanyp gelýär» diýen ýazgy meşhur taryhçynyň döredijiligine gyzyklanmamy has-da artdyrdy. Onsoň Öwez Gündogdyýewleriň salgysyny tapyp ýakynda öýlerine bardym. Maşgalasy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülşat Gündogdyýewa bilen söhbetdeş bolduk. Ol ilki özüniň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Roman-german we gündogar dilleri» fakultetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallymydygyny aýtdy.
— Öwez 1994-nji ýylda akademik Ata Jykyýewiň ylmy ýolbaşçylygynda «Türkmenleriň durmuşynda atyň orny» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady. Ol meniňem kandidatlyk işimi goramagymy isledi, ýöne çagalarym kiçi bolansoň elim degmedi. 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde ol 47 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Onsoň «Öwez neressäniň arzuwy ýerde galmasyn» diýip 2023-nji ýylda pars dilinden «Türkmen we pars dillerindäki frazeologik dil birlikleri hem-de durnukly aňlatmalar» atly temadan kandidatlyk dissertasiýamy goradym» diýdi-de: «Ynha, bu uly oglum Resul, zähmet çekýän uniwersitetimiň taryh fakultetiniň «Gündogary öwreniş» hünäri bölüminiň 5-nji ýyl talyby, kiçi oglum Aýhan orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy» diýip ogullary bilen tanyşdyrdy.
— Öweziň özi iki oglan, iki gyz dogan. Maşgalanyň uly perzendidi. Dünýeden ir gitdi, neresse. Yz ýany bilenem dört aýdan soň kakasy ýogaldy. Gaýyn atam ýarawsyzrakdy, oglunyň dünýeden gitmegi oňa has agyr düşdi — diýip ýatlady.
Söhbetdeşligimizi bu maşgalanyňam şahsy arhiwindäki foto suratlary synlamakdan başladyk. Öwez Gündogdyýewiň sungatyň dürli ugurlaryndan tanymal adamlar bilen bile düşen foto suratlary diýseň kän. Eýýäm şol suratlar hakynda oýlananyňda-da onuň köptaraply zehininiň bardygyny aňyp bolýar. Öz ýanymdan: «Taryhçy bolansoň, Öwez Gündogdyýewden režissýorlar belki taryhy eserleri sahnalaşdyranlarynda, hudožnikler taryhy şahsyýetleriň keşbini döredenlerinde maslahatlaşandyrlar» diýip pikir öwürdim.
Soňra Gülşatdan Öwez Gündogdyýewiň döredijiligi hakynda soradym.
— Öwez 2003, 2008, 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi boldy. 1999, 2016-njy ýyllarda «Watana bolan söýgüsi üçin», medaly bilen iki gezek hemem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10, 11, 20 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medallary bilen sylaglandy. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde «ýurdumyzyň meşhur adamlary» bölüminde Öweziň şahsy gaznasy açyldy — diýip, ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasy tarapyndan Taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Öwez Ataýewiç Gündogdyýewiň doglan gününiň 55 ýyllygyna, onuň ylmy döredijiligine we jemgyýetçilik işlerine bagyşlanyp 2022-nji ýylda «Ylym» neşirýatynda çap bolan bibliografik görkezijisini öňümde goýdy.
— Ylmy işgärlere, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlara, doktorantlara, talyplara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu kitap Öweziň durmuş ýoly bilen bagly ähli çeşmeleri öz içine alýar — diýip, bibliografik görkezijini taýýarlamagy Taryh ylymlarynyň doktory, halypa arheolog Ejegül Ataýewna Myradowanyň maslahat berendigini, şeýlelik bilen görkezijini taýýarlamaga özüniňem gatnaşandygyny gürrüň berdi.

Onsoň öňürti okap görmek üçin şol kitaby öýe alyp gaýtdym. Taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň kitabyň girişindäki ýazan giňişleýin makalasyndan kän zatlary öwrendim. Şeýle-de bolsa,
«Ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolaýyn belkäm, ýene-de käbir maglumatlary öwrenerin» diýen pikir bilen ertesi filologiýa ylymlarynyň kandidaty Mergen Baýramowiç Gurbanow bilen iş otagynda söhbetdeş bolduk. Ol:
— Öwez Ataýewiç Gündogdyýew bilen bile işledim. Ýakyn gatnaşykda bolduk. Inçe duýguly, işjanly, belli bir ugurdan däl köp tarapdan zehinlidi. Şonuň üçin sungatyň ähli ugurlaryndan meşhur adamlar hemişe onuň ýanyndady. Öweziň özem Annadurdy Almämmedowyň, Çary Amangeldiýewiň, Rejepgeldi Muhammedowyň we başga-da belli hudožnikleriň ussahanalaryna kän barardy. Köplenç menem onuň bilen hudožnikleriň ussahanalaryna gezelenje giderdim. Ol hemme ugur bilen gyzyklanýardy. Kimdir biriniň makalasyny okasa, şol makaladan üýtgeşik ýekeje anyk maglumat tapsa bolany. Tapan täzeliginiň üstüni goşmaça maglumatlar bilen bezäp, dessine makala ýazyp bilýärdi. Gije-gündiz gözlegdedi. Kä wagt gije sagat ikide-üçde-de jaň edip:
— Mergen Baýramowiç, şu mahal bir makalany ýazyp gutardym, diňläp gör! — diýip okap berýärdi. Ol diňe bir ýurdumyzyň däl, daşary ýurtlaryň arhiwlerindenem kän gözlegler geçirdi. Onda örän baý maglumat bardy. Şol sebäpli Öwez Ataýewiçden maslahat sorap gelýänler örän köpdi. Ol türkmen nebitiniň taryhyndan ýazan kitabyny maňa ýadygärlik ýazgy ýazyp sowgat beripdi. Öwez Ataýewiç Gündogdyýew örän medeniýetli, öte sowatly, giň düşünjeli, ähli gowulyklary özünde jemleýän nusga alarlyk maşgalada önüp ösen. Kakasy Ata Gündogdyýew köp ýyl ilçi bolup işledi. Käte Öwez Ataýewiçiň ýanyna öýlerine baranymyzda gürrüňdeş bolýardyk. Her sözüne jogapkärli, diýseň medeniýetli, belent adamkärçilikli ýaşulydy. Öwez Ataýewiçiň ejesi Maýa Ataýewna ömrüne uniwersitetde iňlis dili mugallym bolup işledi. Örän mähriban, özüne çekiji zenandy. Öwez Ataýewiç ejesine hemişe «ejem jan» diýip ýüzlenerdi. Ejesiniň bibliografik görkezijisini Öweziň özi taýýarlady. Maşgala suratlary bilen bezäp: «Mergen Baýramowiç, ynha, ejem janyň bibliografik görkezijisini taýýarladym. Görkezijidäki suratlary arhiwden gözläp tapdym» diýip gürrüň beripdi.
Öwez Ataýewiç hakdan berlen zehindi. Onuň kellesine gelýän dürli-dürli pikirleriň bir kellede ýerleşişine haýran galýardym. Belkäm şonuň üçindir, ol bir ýerde arkaýyn boş oturyp karar tapyp bilenokdy. Gapdalynda gürrüň edip oturan bolsaň, ol derrew eline galam kagyz alyp bir zatlar bellik edip oturandyr ýa-da surat çekip oturandyr. Ol ökde hudožnikdi. Kitaplaryny öz çeken suratlary bilen bezeýärdi. Köne taryhy suratlary gaýtadan işläp, olary öz kitaplaryna girizerdi. 1996-njy ýylda çap bolan «Orta asyrlardaky meşhur serkerdeler türkmenleriň taryhynda» atly kitapçasyndaky taryhy şahsyýetleriň suratlaryny özi çekipdi. Çeken suratlarynyň iki-üç sanysyny maňa-da sowgat beripdi. Öýümde ýadygärlik dur. Özem şeýlebir çalt işleýärdi. Ýalňyşmasam 2006-njy ýyldy öýdýän. Öwez Ataýewiçiň aýagy döwlüp öýde ýatmaly boldy. Şonda ýatan ýerinde kitaphanalara jaň üsti bilen dürli kitaplary sargyt edip öýlerine eltdirip, işe gelende kitap ýazyp geldi.
Köplenç işgärleriň arasynda ýygnak geçirilende kimde nähili teklip bardygy soralýardy. Ol derrew elini galdyryp, bäş-on teklibi dessine orta oklap bilýärdi. «Nireden kellesine geldikä?» diýdirýär. Ol hemişe iki sany sanaw ýöredýärdi. Bir-ä metbugatda çap bolan makalalarynyň hemem ýazan kitaplarynyň atlaryny, senesini, haýsy ýerde çap bolandygynyň sanawyny ýöredýärdi. Ýene birem ýandepderçesinde-de şol sanawy ýitmez ýaly bellik edýärdi. Özem astrologlaryň ýyldyzlar bilen bagly täleýnamalaryna çyny bilen ynanýardy. «Täleýnamada aýdylýan zatlar meniň durmuşymda dogry gabat gelýär, sizde nähili?» diýip soraýardy.
Ol harby-sungat bolsun, hemme taraplaýyn öwrenýärdi, bilýärdi. Özem köplenç rusça ýazýardy. Öwez Ataýewiç çaga ýaly ynanjaňdy, göwni açykdy. Ynanjaňlygyndan zyýan çeken ýerlerem az bolmady. Neresse dünýeden gaty ir gitdi. Häzir aramyzda ýaşap ýören bolsa şu ýyl 60 ýaşamalydy. Ýöne ol gysga ömründe juda uly işler bitirdi — diýip gürrüň berdi.

Arhiw suratlaryň arasynda Öwez Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew bilen bile düşen suraty-da bar. Onsoň
Handurdy Berdiýew bilenem gürrüňdeş bolduk. Ol:
— Men öň Öwez Gündogdyýewiň adyny eşidýärdim. Bitiren işleri hakynda bilýärdim. 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz ilkinji gezek Gazagystana resmi iş sapary bilen gidende, ýurt Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen teatryň ýolbaşçysy hökmünde maňada toparyň düzüminde bile gitmek miýesser etdi. Şonda Öwez Gündogdyýew bilen ýüzbe-ýüz tanyşdyk. Iş sapardan gaýdýançak myhmanhanada bir otagda bolduk. Adamkärçiligi gyzyl ýaly eken. Men öň oňa uly ýaşdaky ýaşulydyr öýdýärdim. Asyl ol mendenem bir ýaş kiçi eken. Şonda seýilgähde bile surata düşdük. Gijelerine dynç alýan wagtymyz özüniň arheologiýa gazuw-agtaryş işlerinde meşhur arheologlar bilen alyp baran işleri hakynda gürrüň berdi. Talyp ýyllarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Gennadiý Andreýewiç Koşelenkonyň, Annageldi Gubaýewiň arheologiýa toparlarynyň düzüminde Altyndepede, Ýylgynlydepede, Nusaýda arheologiýa gazuwlaryna gatnaşandygyny, dürli ýyllarda gyşyň sowuk howasynda, tomsuň jokrama yssysynda iş pursatlaryndaky kynçylyklary hakynda ýatlady. 2004-nji ýylda gadymy Merwde türkmen-britan, 2005-nji ýylda Änewiň günorta depesinde türkmen-amerikan, 2005, 2006, 2008-nji ýyllarda Marguşda türkmen-italýan, 2006-2013-nji ýyllarda bolsa alty ýyllap Çandybil etrabyndaky Akdepe ýadygärliginde milli arheologiýa ekspedisiýalaryna baştutanlyk edendigini aýtdy. tdi. Bu barlaglaryň netijesi barada arheologlar Tirkiş Hojanyýazow, Aýdogdy Gurbanow dagy bilen bilelikde, türkmеn, iňlis, rus dillerinde ýörite monografiýany neşir etdirendigini gürrüň berdi.
Soň iş sapardan dolanyp gelenimizde-de iki-üç gezek telefonda jaňlaşdyk. Ol gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylaryň käbirleriniň suratlaryny telefonuň üsti bilen iberdi. Başga onuň bilen kän bir iş salşyp işleşmedik. Halkymyzyň geçmişi bilen bagly köp iş bitiren taryhçydy. Arman aramyzdan ir gitdi. Jaýy jennet, imany hemra bolsun! — diýip ýagşy dileg etdi.
Öwez Gündogdyýew türkmen halkynyň taryhy bilen talyplyk ýyllarynda gyzyklanyp başlaýar. Eýýäm şol ýyllarda ol Günorta Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasynyň düzüminde gazuw-agtaryş işlerine işjeň gatnaşýar. Şonda onuň ylma bolan höwesi, başarnygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutyna işe iberilýär. Ol bu ýerde ençeme halypa taryhçylaryň arasynda taryh ylmynyň inçe meselelerine içgin aralaşýar. Taryh institutynda laborantlykdan başlap bölüm müdiri wezipesine çenli zähmet ýoluny geçýär. Bu barada taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew öz ýatlamalarynda: «…Hut onuň ýolbaşçylyk eden türkmenleriň etniki taryhy bölüminde Türkmenistanyň taryhynyň köp tomlugyny, dünýäde gurlan türkmen döwletleriniň taryhyny ýazmak, türkmen halkynyň medeni mirasy baradaky ensiklopediýany taýýarlamak boýunça düýpli işler alnyp baryldy.
Taryhçy Öwez Gündogdyýew ýurdumyzyň muzeý işine hem öz önjeýli goşandyny goşdy. Ol 1998–2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň taryh we etnografiýa muzeýiniň ýolbaşçysynyň orunbasary, 1995-1996-njy ýyllarda «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň baş maslahatçysy, 2008-2009-njy ýyllarda Türkmen halysynyň milli muzeýinde uly ylmy işgär bolup işledi. Ýeri gelende bellesek, Öwez Gündogdyýew türkmen halysynyň taryhy barada onlarça makalalaryň we kitabyň awtorydyr.
Alym 2001-2009-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň we Gündogar halklarynyň medeni mirasy Döwlet institutynyň bölüm müdiri, direktoryň orunbasary wezipelerinde zähmet ýoluny dowam etdi. 2009-2013-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary boldy.
Öwez Gündogdyýew 1995-nji ýylda ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan düzülen alymlaryň toparynyň düzüminde Türkiýäniň arhiwlerinde we kitaphanalarynda türkmen halkynyň taryhyna degişli çeşmeleri we kitaplary ýüze çykarmak üçin saldamly işleri alyp bardy. Ol 1999-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň başlangyjy bilen «Türkmenleriň taryhy Russiýanyň arhiwlerinde» atly ylmy taslama ýolbaşçylyk edip, Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň arhiwlerinden we kitaphanalaryndan öň taryhçylarymyz we ylmy jemgyýetçilik üçin nämälim bolan çeşmeleriň ençemesini ýurdumyza getirdi.
Öwez Gündogdyýewiň türkmen halkynyň Ýewraziýa halklary bilen taryhy, etno-medeni gatnaşyklary, harby taryhy we beýlekiler baradaky ylmy işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem giň halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Ol Tebigat we jemgyýet baradaky Halkara akademiýasynyň Ýewropa uniwersitetiniň professorydyr, Russiýanyň Tebigy ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasydyr. Dünýäniň abraýly taryhy neşirleriniň (Sankt-Peterburgda çykýan «Культурные ценности» žurnalynyň, Italiýada çykýan halkara «Central Asia cultural values» daýdžestiniň, Bolgariýada neşir edilýän «Исторический архив» žurnalynyň) redaksion geňeşiniň, türkmen el halylarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň dolandyryjylar müdirliginiň agzasydyr. Türkmenistanyň elguş awçylary klubynyň taryh we etnografiýa bölüminiň müdiridir.
Türkmen taryhynda bedewleriň tutýan orny baradaky kandidatlyk dissertasiýasy Öwez Gündogdyýewde türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy baradaky ymykly, tutumly ylmy gözlegleriň «gapysyny» açdy. Alym bu düýpli ylmy işiň üstünde 20 ýyla golaý «çorba sowatdy». Bu ugurdan dünýä taryh ylmynda edilen ylmy işleri birin-birin seljerip çykdy. Alymyň 1992-nji ýylda taryhçy Jumadurdy Annaorazow bilen awtorlykda neşir etdiren «Teke atly polky: gahrymançylygyň we heläkçiligiň taryhy» atly kitapçasy (türkmen we rus dillerinde) türkmeniň harby taryhynyň entek türkmen okyjysy üçin nämälim sahypalaryna bagyşlanypdy. Awtor 2012-nji ýylda bu kitabyny düýpli gaýtadan işläp, täze maglumatlar bilen üstüni dolduryp, «Teke atly polkunyň söweşjeň ýoly» diýen at bilen rus dilinde gaýtadan neşir etdirdi. 1999-njy ýylda awtor «Türkmenlerde at we atly goşun» atly ylmy monografiýasyny neşir etdirdi. Öwez Gündogdyýew Kakajan Baýramow bilen bilelikde «Türkmenleriň atly oýunlary» atly kitapçasyny hem ýazdy (2003). «Miras» halkara ylmy-köpçülikleýin žurnalynda 2001–2012-nji ýyllar aralygynda türkmeniň harby sungatyna bagyşlanan düýpli ylmy makalalaryny giň ylmy jemgyýetçilige hödürledi. 2012-nji ýylda Öwez Gündogdyýewiň türkmeniň harby sungatyna bagyşlanan düýpli ylmy işi «Aziýanyň gerçekleri» ady bilen türkmen we rus dillerinde okyjylar köpçüligine gowuşdy.
1999-njy ýylda Moskwada neşir etdiren «Türkmenleriň geçmişi» atly kitaby Ö.Gündogdyýewiň ömründe ýazan has saldamly işidir. Bu kitabyň başyndaky «Oguzlar, türkmenler we Russiýa» diýen bölümde alym özüniň has batyrgaý ylmy pikirlerini, çaklamalaryny öňe sürüpdi. Kiýew Rusunyň taryhynda oguzlaryň saldamly ornuny ylmy deliller arkaly subut edipdi. Hut şu işi üçin şol ýylda «ylmy ösdürmegiň asylly maksatlaryna ýetmekde gazanan ajaýyp hyzmatlaryny, üstünliklerini resmi taýdan ykrar etmek, uniwersitetiň iň mynasyp wekilleriniň arasyna kabul etmek we uly hormat hökmünde» Russiýanyň Tebigat we jemgyýet baradaky Halkara akademiýasynyň Ýewropa uniwersitetiniň gündogary öwreniş boýunça hormatly professorlygyna saýlanypdy.
Öwez Gündogdyýew 30-dan gowrak çeper, taryhy dokumental filmleriň ylmy maslahatçysy bolupdy. Ol hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda bina edilen ençeme administratiw binalary, ýadygärlikler toplumyny türkmen taryhynyň ajaýyp sahypalaryny şöhlelendirýän bezegler bilen bezemek boýunça döredilen maslahat beriş toparynyň işine-de işjeň gatnaşdy.
Ýewraziýa halklarynyň etnomedeni gatnaşyklaryny öwrenmek Öwez Gündogdyýewiň ylmy barlaglarynyň aýratyn bir ugrudy. Türkmenleriň Kawkaz, Eýran, Hindistan, Ýewropa halklary bilen etnomedeni gatnaşyklaryna bagyşlanan ençeme ylmy makalalary ýazdy. Bellemeli tarapy, awtor olarda taryhy seljermäniň ähli jähetleri bilen birlikde, dil serişdeleriniň derňewi arkaly türkmenleriň ol halklar bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny has inçeden yzarlamaga synanyşyk edipdi. Bu mesele boýunça ylmy barlaglaryny awtor 2012-nji ýylda iki dilde neşir edilen «Türkmenler we dünýä halklary (etniki we medeni gatnaşyklar)» atly kitabynda jemläpdi. Awtor ХIХ–ХХ asyryň awtorlarynyň gözi bilen türkmen halkynyň häsiýetine, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna bagyşlanan kitabyny hem okyjylara hödürledi.
Öwez Gündogdyýew türkmeniň müçe hasaby, türkmen taryhynda zenanlaryň tutýan orny, elguş awçylygy, türkmen tazysy, türkmen tugy, türkmen gawuny, milli oýunlarymyz, ýurdumyzda nebitiň çykarylyşynyň taryhy, ýurdumyzda ýaýran dini ynançlar, türkmen soltanlary hakda hem kitaplary ýazdy. Onuň Orazpolat Ekäýew bilen ýazan «Mary — «şalaryň kalby» atly kitaby dürli dillerde birnäçe gezek neşir edildi. 2003-nji ýylda «Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan» atly kitabyny çap etdirdi.
Ö.Gündogdyýewiň ylmy işleriniň arasynda meşhurlyk gazananlarynyň biri-de «Aşgabat – keramatly Ärsagyň şäheri. Ашхабад – город божественного Арсага» atly kitapdyr. Kitapda awtor her bir ýurduň taryhynyň onuň paýtagtynyň taryhy bilen aýrylmaz baglydygyndan ugur alyp, Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli Aşgabadyň taryhynyň 100 ýyldan aňryk geçmeýändigi baradaky ozal örç alan pikiri ylmy taýdan ýalana çykardy. Ol Aşgabadyň adynyň Beýik Parfiýa imperiýasynyň esaslandyryjysy keramatly Ärsagyň şäheri adyny berýändigini ylmy taýdan delillendirip, paýtagtymyzyň taryhynyň 2500 ýyldan ýokarydygy barada batyrgaý çaklamany orta atdy.
Öwez Gündogdyýew köpugurly, gözýetimi örän giň, adaty däl pikirlenmesi bolan, batyrgaý ylmy garaýyşly, watansöýüji taryhçydy. Ol kyrkdan gowrak monografiýalaryň, kitaplaryň we kitapçalaryň, bir müňden gowrak ylmy we populýar makalalaryň awtorydyr. Olar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda — ABŞ-da, Fransiýada, Italiýada, Russiýada, Türkiýede, Hindistanda, Pakistanda, Beýik Britaniýada, Ukrainada, Azerbaýjanda, Özbegistanda neşir edilip, öz okyjylaryny tapan makalalardyr. Öwez Gündogdyýewiň ýazan makalalary Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda taryh ugrundan milli okuw kitaplarymyz entek neşir edilip ýetişmänkä, örän gymmatly gollanmady, çeşmedi. Munuň şeýledigine alymyň şahsy arhiwinde saklanýan, oňa mekdep mugallymlaryndan, türkmen taryhynyň muşdaklary bolan dürli ýaşdaky, kärdäki ildeşlerimizden gelen hatlardyr, goşgy setirleri hem şaýatlyk edýär. Öwez Gündogdyýew 4-nji synplar üçin «Meniň Watanym» atly okuw kitabynyň, Türkmenistanyň taryhy boýunça köp tomlugyň awtorlarynyň biridir. Ol Türkiýede neşir edilen «Türkler» atly ensiklopediýada hem öz makalalaryny çap etdirdi.
Taryhçy Öwez Gündogdyýew 60-dan gowrak halkara ylmy maslahatlaryna we simpoziumlaryna gatnaşdy. Türkmen taryhy, medeni mirasy boýunça Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilip başlanan halkara ylmy maslahatlarynyň guramaçylyk toparlarynyň düzüminde alym köp işleri etdi. Dürli daşary ýurtly kärdeşleriniň ýurdumyza gelip, türkmen taryhy baradaky ylmy garaýyşlaryny biziň neşirlerimizde ýaýratmagynda goşandyny goşdy. Öwez Gündogdyýew 2008-nji ýyldan başlap hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzyň çäginde meşhur taryhy şahslarymyza ýadygärlikleri oturtmak baradaky döwlet toparynyň agzasy boldy.
Öwez Gündogdyýew talapkär ýolbaşçydy. Ol arheologiýa, etnografiýa, etnologiýa, antropologiýa, harby taryh boýunça 10 sany aspiranty we dalaşgäri ylmy gözleglere ataryp, olara halypalyk etdi».
Ynha, şeýle ýatlamalardan Öwez Gündogdyýewiň halkymyzyň öňünde näderejede hyzmat bitirendigine göz ýetirip bolýar. Ol hiç haçan unudylmajak ussatlarymyzyň biri.
Akgül Saparowa.
