ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Akmyrat Nurberdiýew: aýdym-saz dünýämiň bezegi

— Tüweleme, toýuňyzda gowy görüp diňlenýän aýdymçyny aýtdyrdyňyz welin, gurpluja ýaşaýaňyz öýdýän. Ol aýdymçynyň toý nyrhy näçeräk? — diýip, eýýäm on-on iki adam sorady. Özem orta ýaşdan geçen diňleýjiler gyzyklanýarlar. Olaryň bu sowalyna hem-ä begenýän hemem ýylgyrýan. Begenýänimiň sebäbi toýmuza märekäniň göwni ýetipdir. Ýylgyrmagymyň sebäbi ol aýdymça hiç hili nyrh tölemedim.

Artistler, bagşy-sazandalar kärdeşleriniň toýlaryny şeýlekin sowup ýörensoňlar, asla men oňa nyrh tölemek hakynda pikirem etmedim. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Akmyrat Nurberdiýew oglum bilen bile işleýär. «Nesip bolsa, öýlenip toý tutsam, toýumda Akgamy aýtdyrjak» diýip, oglum öňden arzuwlap ýördi. Bu aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny özümem gowy görüp diňleýän. Onuň repertuarynda kän aýdymlary bar. Ýerine ýetiriji ussat bolanda onuň aýdýan aýdymlary öz döreden aýdymlary ýaly kabul edilýär. Akmyrat Nurberdiýew diňe  şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna 10-dan gowrak aýdymy aýdýar. Esasanam bu şahyryň «Seniň adyňda» atly goşgusyna:

«…Sen bolmasaň, oňat bordy dogmanym,

Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,

Tylla gyryndysy edip ýygnanym

Namysym, mertebäm — Seniň adyňda…»

diýip, aýdýan aýdymyny hasam gowy görýän. «Türkmen owazy» teleýaýlymynda şekile geçirilen şol aýdymy her gezek diňlänimde telefilm gören ýaly täsirlenýän, ýöne onuň aýdymlaryny kiçi ýaşly çagalaram gowy görýär. Sebäbi Akmyrat Nurberdiýew aýdym aýdanda tomaşaçyny özüne çekip aýdýar. Aýdym aýdýarka arasynda tomaşaçylara gowy sözler bilen ýüzlenip, joşgunly ýerine ýetirýär.

Bir gezek Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp taýýarlanan «Gülki sowgadyny» görmek üçin maşgalamyz bolup Alp Arslan adyndaky teatra bardyk. Degişme sahnalaryň arasynda Akmyrat Nurberdiýew aýdym aýtdy. Doganlyk özbek halkynyň belli aýdymçysy Osman Nowruzowyň «Dostum-dostum» diýip aýdýan aýdymyny aýdyp başlady welin, tomaşa zalyndaky çagalar sahna çykyp aýdymçynyň daşynda aýlanyp tans edip ýörler. Çagalaryň aýdymça goşulyp aýdymyň sözlerini gaýtalap şowhun boluşlaryna haýran galdym. Birden gapdalymda oturan alty ýaşyndaky agtygym sahna tarap barýar. Elinden çekip saklajak bolýan, siltenjiräp sahna dyzaýar. Onsoň teatryň içki düzgün-tertibine gözegçilik edýän gyzlar:

— Degme zat diýme — diýdiler. Şonda çekinjeň agtygymyň özi ýaly çagalara goşulyp el çarpyp ýören hereketine hem begendim hemem aýdymçynyň ussatlygyna gözli şaýat boldum.

Akmyrat Nurberdiýewiň döredijiligi hakynda öňdenem azda-kände bilýärdim. Ençeme ýyl redaksiýada işläp, medeniýet we sungat ugruny alyp baramsoň, aýdymçy-sazandalar, bagşylar, artistler umuman, sungatyň ähli ugurlarynda işleýän döredijilik işgärleriniň köpüsi tanyş hem meniň üçin olaryň her biri ýakyn hossarlarym ýaly. Olaryň käbirleri bilen makala ýazmak üçin söhbetdeş bolýaň, käbirleri bilen baýramçylyk dabaralarynda gabat gelýäň.

Akmyrat Nurberdiýewde päli peslik, sadalyk bar. Özem türkmençilikde gowy görülýän häsiýetleň biri, haýsy bir medeniýet-sungat işgärleriniň toýuna-ýasyna barsaň, ol hökman gatnaşýar. Öz ýanymdan men ony obada önüp ösene meňzedýärdim. Bir gezek ol hakynda gazet üçin gysgajyk çykyş taýýarlamaly boldy. Şonda onuň terjimehalyny öwrendim.

Akmyrat Nurberdiýew 1980-nji ýylyň 27-nji aprelinde Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky obada (häzir şäherçe) doglan. Ol on doganyň dokuzynjysy bolup uly maşgalada önüp ösýär. Onuň ejesi kärendeçi, kakasy traktor sürüjisi bolup işläpdir. Goşmaça maglumat sorap, özümi gyzyklandyrýan sowallar bilen şonda Akmyrada jaň aýladym. Ol:

—  Ejem pahyr 19 ýaşym dolan güni 56 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Ol maňa: «Oglum, sen doglanyňda, altynjy ogul perzendim bolaňsoň, adyňa Altymyrat dakjakdym. Azan aýtdyrmak üçin molla çagyrdyk. Molla gapydan girdi welin, öýmüziň töründäki telewizorda sazanda Akmyrat Çaryýew saz çalýardy. Molla ussat sazandanyň çalýan sazlaryny diňlemegi gowy görýändigini aýdyp, saz tamamlanýança diňläp oturdy. Soňra-da bar ünsi bilen saza berlip, azan okanda adyňy Akmyrat diýip aýtdy» diýip gürrüň beripdi. Menem:

— Eje jan, gynanma, eger Altymyrat ady dakylan bolsa dünýä belli agyr atletikaçy Altymyrat Orazdurdyýew bilen atdaş bolardym. Häzir bolsa sanardan kän meşhur aýdymlary döreden mukamçy kompozitor, ussat sazanda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew bilen atdaş. Begenýän. Şolar ýaly öz saýlan hünärinden halkymyz hem döwletimiz tarapyndan ykrar etdiren ussatlar ýaly ornumy tapyp bilsem armanym ýok — diýdim. Ejemiň ýatkeşligi maňa geçipdir. Ejem milli dessanlarymyzyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Aslynda eje tarapymam, kaka tarapymam aýdym-saza uly hormat goýýan maşgala. Kakam ejem bilen toý tutanda obamyzyň kolhoz başlygy:

— Siz sungatsöýer maşgalanyň agzalary. Şonuň üçin ýörite haýyş edip alyp geldim — diýip, meşhur Çuwal bagşy Magtymguly Garlyýewi gyjakçysy Sapar Beki bilen getirip, sowgat hökmünde toýunda aýtdyrýar — diýip, ol ýene-de gürrüňini dowam etdirdi.

—  Näçe ýaşa ýeteniňde-de ejeli-kakaly günler başgaça bolýar. Her gezek oba baranymda kakama «sowalga» diýip puljagaz bererdim. Ol bolsa: «Sag bol, oglum, bereket tap!» diýip, alkyş okap alardy, ýöne bir gezek oba garry öýmüze baranymda  (jaýy jennet bolsun!) kakam pahyr şojagaz beren pullarymy ýygnap uly mal satyn alyp bakypdyr. «Oglum, gazanjyň öz maşgalaňa siňsin,  meniň kem zadym ýok» diýip, uly adam çykamyzsoňam aladamyzy edip azara galyp ýörşüne häzirem haýran galýan — diýip ýatlady.

Dürli ugurdan ýokary bilim alyp, özüni aýdym-saz sungatymyzda ykrar etdiren sungat ussatlarymyz sanardan kän. Akmyrat Nurberdiýewem şeýle aýdymçylaryň biri. Ol entek çaga wagty oba medeniýet öýünde hereket edýän gurnaklara gatnaşyp, Şemşat Hudaýnazarowanyň elinde aýdym aýtmagyň başlangyç ädimlerindäki mekdebi geçýär. Soňra 1986-1996-njy ýyllar aralygynda dogduk obasyndaky 2-nji orta mekdepde okaýarka aýdym sapagyndan okadýan Meretgül mugallymdan tälim alýar. Ol orta mekdebi tamamlap, iki ýyl obada kolhozda işleýär. Ondan soňra S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk hünäri boýunça okuwa girýär we bu ugurdan ýokary bilim alýar. Ol talyplyk ýyllarynda-da aýdym-sazdan üzňe bolmaýar. Ýokary okuw mekdebinde geçirilýän çärelerde, döwlet derejesindäki baýramçylyk dabaralarynda işjeň çykyş edýär. Durmuşda öz ornuňy tapmagy hemişe arzuwlaýan talyp ýigidiň kämillige tarap ädýän yhlasly ädimleri oňa şowlulyk getirýär. Ol 2000-nji ýylda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyp ýeňiji bolýar. Şeýle hem oňa şol ýylda «Ýylyň talyby» bäsleşiginde-de ýeňiji bolmak bagty miýesser edýär. 2005-nji ýylda bolsa Akmyrat Nurberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar. Ynha, şeýle uly ynam, ýokary döwlet sylagy Akmyrat Nurberdiýewi täze gözleglere ruhlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzda milli opera sungatymyzyň gaýtadan dikeldilmegi ýaş estrada ýyldyzynyň döredijiliginde täze sahypany açýar.

2008-nji ýylda oňa «Şasenem-Garyp» operasynda baş gahryman Garybyň keşbi, 2009-njy ýylda-da «Leýli we Mejnun» operasynda ýene bir baş gahryman  Mejnunyň keşbi ynanylýar. Netijede iki sany naýbaşy operanyň şowly çykmagy bilen baş keşpleri döredendigi üçin Akmyrat Nurberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi bolýar. Onuň bu üstünliklere ýetmeginde milli sungatymyzyň ençeme sütün halypalarynyň çäksiz yhlasly hyzmaty bar. Ine, şunuň özünden Akmyrat Nurberdiýewiň durmuş hem zähmet ýolunda baý tejribe toplan  halypalaryň uly mekdebinde terbiýelenendigine göz ýetirip bolýar. Munuň üstesine-de oňa dürli ýyllarda ýolbaşçy wezipelerde işlemegem miýesser etdi.

Ol ýokary okuw mekdebi tamamlanyndan soň Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda iki ýyl iş tejribeligini geçýär. 2004-nji ýylda-da «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde aýdymçy bolup zähmet ýoluny dowam edýär. 2006-njy ýylda oňa Medeni-işewürlik merkeziniň direktory wezipesi ynanylýar. 2008-nji ýylyň awgust aýynda-da hormatly Arkadagymyz ony Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň direktory wezipesine belleýär. Ýolbaşçy wezipelerde işlän döwründe-de oňa ençeme sungat ussatlary bilen bile işleşmek miýesser edýär. Şonuň üçin bu geçilen menzilleriň ýatlamalary hakynda söz açylanda Akmyrat Nurberdiýew beýik-beýik halypalaryň maslahatlaryny diňlemek bagtynyň miýesser edendigini buýsanç bilen ýatlaýar. Ol:

— Halypalaryň mekdebi başgaça bolýar. «Şasenem-Garyp» operasy üçin ses barlanyşygy geçirilende ýatkeşligim üçin hemem daş keşbimiň gabat gelýändigi üçin «Garybyň» keşbi ynanyldy. «Ýok men bu keşbi oňarman, men estrada aýdymçysy» diýip birbada ýaýdandym. «Bu keşbiň hötdesinden geljegiňi bilip, saňa halypalar ynam bildirýärler. Ynamymyzy artygy bilen ödärsiň» diýip käbir  halypalar düşündirdiler. Emma Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa: «Sen at gazanan artist bolup, ynanylan keşbi oňarman diýmäň näme?» diýip, talap edijilik bilen ýüzüme seretdi welin, namys edip gaty erbet boldum. Özümi tijemäge girişdim. Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýew: «Arkaýyn bol, özüm elimde baryny edip öwrederin» diýip, operada ýerine ýetirilmeli ariýalarymy özi hiňlenip hem ses ýazgy enjamda ýazyp berdi. Şol ýazgyny  gije-gündiz diňläp ýat tutdum. Ol maňa her aýdymy notasy bilen orkestrde ýerine ýetirmekde, dogry dem almagy yhlas bilen öwretdi. Sebäbi men nota bilemokdym.

«Leýli-Mejnun» operasyndaky ariýalaryň nota belentligi hasam ýokary. Bu operada-da ynanylan keşbimiň şowly çykmagynda halypalaryň çäksiz hyzmaty bar — diýip gürrüň berdi. Soňra uly halypalaryň ýene biri Orazmyrat Annamyradow «Görogly» operasyny sahnalaşdyrýar. Akmyrat Nurberdiýew bu operada-da Göroglynyň kyrk ýigidiniň biri Kösäniň keşbini,  «Magtymguly» operasynda Durdy şahyryň keşbini, «Aýna» operasynda Sapar çaýçynyň keşbini janlandyrýar.

Akmyrat Nurberdiýew 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynda aýdymçy artist bolup işleýär. Häzirki wagtda-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işläp gelýär. Ol teatr sahnalarynda-da birnäçe keşpler döretdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň sahnalaşdyran «Nurana şekiller» sahna oýnunda baş keşbi, «Kalp tary» sahna oýnunda dünýä belli kompozitor Aram Iliç Haçaturýanyň keşbini, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Sabyr Ataýewa» sahna oýnunda kolhoz başlygynyň keşbini we başga-da birnäçe keşpleri janlandyrdy. Onuň ýatlamalar bilen aýdýan gürrüňleri biri-birinden täsirli.

— 2006-njy ýylda meşhur estrada ýyldyzy Nurmuhammet Meredow bilen albom çykartdyk. Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýew Daşoguz welaýatynda konsert bermäge gidende toparyň ýolbaşçysy boldum. Şol pursatlarda olaryň köpüsi bilen surata düşdük. Indi şol suratlary synlanymda olar hakyndaky ýatlamalar hakydamda aýlanýar. Özbegistanyň hem Türkmenistanyň halk artistleri Babamyrat Hamdamow, Ozodbek Nazarbekow dagy bilen bile düşen suratlarymyz bar. Maňa 20-den gowrak daşary ýurtlaryň sahnasynda çykyş etmegem miýesser etdi. Daşary ýurt sahnalarynda çykyş edenimde köplenç milli kino filmlerimizde aýdylan aýdymlary hemem haýsy bir ýurda barsak başardygymdan şol ýurduň aýdymçylarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirýärin. Dünýä belli aýdymçy Luçana Pawarottiniň repertuaryndan nusgawy operadan «Karuzony ýatlap» atly italýan eserini hemişe buýsanç bilen ýerine ýetirýärin. Kompozitor Andreý Babaýewiň sazyna «Aşyr aganyň hötjetligi» türkmen filmindäki ajaýyp aýdymlary uly höwes bilen aýdýaryn. Halypa Babamyrat Hamdamowyň döredijiligindäki aýdymlary hem aýtmagy özüme uly mekdep hasap edýärin.

Men özümi bagtly hasaplaýan. Aman Agajykow, Daňatar Hydyrow, Baýramdurdy Hudaýnazarow, Rejep Rejebow we başga-da birnäçe halypa kompozitorlaryň maslahatlaryny diňlemek nesip etdi. Olar bilen bagly ýatlamalar hakyda depderimde hemişelik ýazylgy dur.

Güýz pasly gelip ýapraklar saralyp başlasa halypa kompozitor Rejep Allaýarow ýadyma düşýär. (Imany hemra bolsun!) Rejep aganyň  ýarawsyz ýatan wagtlarydy. Bir gün onuň daşary ýurtda ýaşaýan dostlary Türkmenistanyň halk artisti, türkmen kino sungatymyzyň dünýä belli ägirdi Hojadurdy Narlyýew dagy maňa: «Akmyrat, seniň adyňa bir sowgat iberjek bolýas, gaýrat edip dostumyz Rejep Allaýarowa gowşur hemem ony sowgat iberen arabamyzda oturdyp gezelenje aýla» diýip jaň etdiler. Onsoň Rejep agalaň öýlerine bardym. Düşekde ýatan ýerinden ol birbada sowgady almagy kyn gördi. Onsoň: «Ýaşuly, size bu sowgady dostlaryňyz uzak aralykdan ýörite iberdiler. Özlerem maňa: «Şu arabada oturdyp, dostumyzy gezelenje äkit» diýdiler.Ýör hany, bileje açyk howada gezim edeli» diýdim. Razy boldy. Öýleriniň golaýyndaky seýilgähe gezelenje gitdik. Onuň arabada oturan ýerinden çynar agajyny gujaklap, baglaryň ýapraklaryny  ysgap mähir berip oturşy göz öňümden gidenok. «Tebigatyň täsin gözellikleriniň owazyny diňläýin» diýen sözleri häzirem ýadymda. Ussat kompozitor bolansoň, döredýän ajaýyp heňleri gulagyna eşidilýän bora çemli. Ödenýaz Nobatow halypada: «Çynar agajy berk bolýar» diýip, baglar bilen gürleşýän eken. Özem ol: «Her döredýän eserlerim meniň perzentlerim. Meniň döredijiligime degişli aýdym-sazlarymy ýoýman, on iki synasy abat ýerine ýetirilsin» diýýän eken.  Ödenýaz halypanyň ogly Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbanmyrat Nobatowam yhlas bilen tälim beren halypalarymyň biridir. Gurbanmyrat halypanyň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirmegim maňa uly üstünlikler getirdi — diýip ýatlady. Onuň gürrüňi maşgala durmuşy bilen bagly ýatlamalara gönükdi:

— «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaly bolanymda obadaky dogan-garyndaşlarymyz üýşüp teleýaýlymyň öňünde oturyp tomaşa edýärler. Meniň bäsleşikde ýeňiji bolanymy görýärler. Onsoň goňşular begenip uly agama:  «Bol, derrew belle, iniň ýeňiji boldy, toý et!» diýýärler. Agamyň ýekeje geçisi bar eken. Şo geçini soýup toý edipdir. Soň-soňlar agam: «Seniň maňa bir geçi bergiň bardyr» diýip degişýärdi.

Aýdym-saz dünýämiň bezegi. Sungatymy çagalarymyň dowam etdirmegi bolsa, meniň üçin uly bagt. Uly gyzym Gözel jan ejemiň ady dakylan. Ol ulag we aragatnaşyk institutyny gutardy, ýöne ol aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýar. 2022-nji ýylda gyzyma-da Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» telebäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Geljekde ol hem täze aýdymlary bilen halkymyza hyzmat edip, şol beýik ynamy ödär. Edil häzirki wagtda ýaş çagaly bolansoň, biraz dynç alyşda otyr.  Esasy ýeri maşgalasynda gaýynlary, ýanýoldaşy onuň sungatyny goldaýarlar.

Uly oglum Resulmyrat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby. Dutar hünärinden halypa sazanda Çarymyrat Ahunowyň elinde tälim alýar. Ikinji oglum Ybraýym Hytaý Halk respublikasynda  lukmançylyk hünärinden bilim alýar. Aýnur jan bilen Allanur jan entek mekdep okuwçylary — diýip, sungat dowamaty bilen tanyşdyrdy.

Şu ýerde onuň kärdeşlerinden eşiden bir gürrüňim hakydama geldi: «Akmyrat Nurberdiýew bir mahal öýken keselinden ejir çekipdir, ýöne onuň bu keseline operada ýerine ýetiren aýdymlary derman bolýar» diýip gürrüň berdiler.  Dogrusy, özünden anyk eşidýänçäm bu gürrüňe kän bir ynanyp durmadym. Emma öz agzyndan eşidenimde, hakykatdanam Türkmenistanyň halk artisti Myrat Diwanaýewiň ses türgenleşik maşklaryny dogry öwretmegi bilen Akmyradyň saglygynyň dikelendigine göz ýetirdim.  Ýöne arada taryhçy Öwez Gündogdyýew hakynda arhiw maglumatlary öwrenip ýörkäm kärdeşim Döwlet Heşdekowyň «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 13-nji aprel sanynda çap bolan «Salamdan başlanýan sambo» atly makalasyny okadym. Şol makalada:

— Öwez Gündogdyýew çagalykda demgysmadan ejir çekipdir. Orta mekdebiň başlangyç synplarynda okaýan döwürleri, lukmanlar oňa bedenterbiýe sapagyna gatnaşmagy maslahat bermändirler. Ýöne 1977-nji ýylda şol wagtky «Zähmet» sport jemgyýetiniň sambo bölümine ýazylmagy bilen, geçilýän türgenleşikleriň netijesinde saglyk ýagdaýy görnetin gowulaşyp başlapdyr» diýen ýazga gabat geldim. Ine, şondan soň sungatyň haýsy ugry bolanda-da, dogry ulanyp bilseň saglyga ýetirýän güýjüniň belentdigine çynym bilen ynanasym geldi. Şular dogrusynda hemem onuň döredijiligi hakynda içgin bilmek üçin ýakynda Akmyrat Nurberdiýew bilen söhbetdeş bolduk. Ol:

— 1996-1997-nji ýyllarda ilkinji gezek toýa gidip aýdym aýdyp başladym. Şo döwürler neşe belasynyň güýçli ýaýran mahallarydy. Ejem pahyr toýdan gelýänçäm alada edip oturýardy. «Oglum, seniň toýdan getirjek gazanjyň derkar däl, ýaramaz pişelere baş goşaýmaweri! Maňa puldan öňürti seniň sagdyn terbiýäň gerek» diýip, toýda aýdym aýtmagyma başda kän bir göwnäp durmady. Ýöne halkymyzyň toý tutup begenen güni, haýyş etseler «ýok» diýmäge bognum ysanok. Häzirki wagtda-ha toýlara baranymda «Älemgoşar», «Aýgytly ädim» kino filmindäki «Artygyň aýdymyny» aýdyp bermegimi diňleýjileriň öwran-öwran haýyş etmekleri ylhamyňa joşgun berýär. Onsoň sungata dahylly bolup heýem bir şeýle bagtdan ýüz öwrüp bolarmy? Elbetde, ejem-kakam soň ýagdaýyma düşündiler. Soň birneme tanalyp başladym.

Bir gün öýmüze obadaşlarymyzyň biri gelip kakama: «Ýaşuly, gaýrat edip, ogluňyz toýumyzda ýagdaýymyza görä nyrhdan aýdym aýdyp bermezmikä?» diýip haýyş edipdir. Kakam pahyr: «Asyl ol, toýa nyrh kesip gidýärmi?» diýip ör-gökden gelipdir. Öýe gelemsoňam: «Men olara boýun aldym, ýeke teňňesinem alaýmagyn, gitde toýlaryny sowup gaýt» diýdi. Men toýda gazal aýdyp küşt depmegi Türkmenistanyň halk artisti Mähri Annageldiýewadan öwrendim.

Döredijilik ýolumda beýik halypalar bilen bile işleşmek tejribämiň artmagynda uly mekdep boldy. Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow — Oram kaka: «Sesiň özüňki däldir, halkyňkydyr, hemişe gorap gezgin!»  diýerdi. Halypa Medeniýet Şahberdiýewa operada türgenleşik geçýärkäk dynç alşa çykanymyzda ýanymyza gelip, bir zatjyklar getirip okadýan talyplaryny naharlap gidýärdi. Maňa-da: «Her gün çapyljak at ýaly bolgun. Sesiňi uzak saklajak bolsaň günde üstüňden bir bedre sowuk suw guýup endik et» diýerdi. Esasy maksadym şol halypalaryň ynamyny ödäp, halkyň kalbyna siňen aýdymlary täze öwüşginde ýerine ýetirip indiki nesillere miras galdyrmak.

Şu mahal «Şasenem-Garyp» operasy bilen bagly bir pursat ýadyma düşdi.  Operanyň tomaşaçylara ilkinji görkezilişi boldy. Iň soňunda operada çykyş eden artistler üýşüp sahna çykdylar. Şonda tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen zal uly şowhuna beslenip durka Türkmenistanyň halk artisti (ýatan ýeri ýagty bolsun!) Roza Töräýewa gutlap, maňa gymmat bahaly bir gujak gül çemenini gowşurdy. Menem onuň gül dessesini minnetdarlyk bilen aldym-da, hormat bilen gapdalymda duran halypam Orazgeldi Berdiýewe geçirdim. Şol wagt Roza Töräýewa ýanyma gelip: «Men ol gül çemeni seni gutlap getirdim, ahyry, nädäýdiň?» diýip nägilelik bildirdi. Belki, meniň şol hereketim dogrudyr, belki-de nädogrudyr, bilmedim. Häzire çenli düşünip bilemok. Durmuş mekdebiniň sapaklaryny hemişe öwrenip ýörmeli eken — diýip gürrüň berdi.

Elbetde, aýdymçy dogry aýdýar, ýöne men şu ýerde bir zady aýdasym gelýär. Nirede okanym ýadyma düşenok, «Bagt näme?» diýlende, «Saňa düşünilmegi» diýlip jogap berlen jümle ýadymda. Şonuň üçin makalamyzyň ahyrynda muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan aýdymçy Akmyrat Nurberdiýewe durmuş ýolunda-da, döredijilik ýolunda-da düşünilmegini arzuw edýärin. Zehinli aýdymça sanardan kän aýdymlary hemişe üstünlik getirsin!

Akgül Saparowa.

Related posts

Hemra Ýusubow: manyly ömrüň ýatlamalary

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym