Gün-günden rowaçlyga beslenýän eziz Diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzi Garaşsyzlyk toýuny buşlaýar. Agzybirligiň beýik nusgasyny görkezýän merdana halkymyz toýlarymyzyň seresi bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesini guwandyryjy zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.
Ata Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege ynamly barýar. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent sepgitler Garaşsyzlygymyz bilen pugta baglanyşyklydyr. Ol halkymyzyň milli buýsanjydyr. Garaşsyzlygymyzyň, özygtyýarlylygymyzyň, erkinligimiziň aýdyň şuglasy bolsa şu günümizi, geljegimizi nurlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde örän uly ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä dolýar. Bu ösüşlerdir özgertmeler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygyna guwanyp, agzybir zähmet çekýändiginden, gurýandygyndan, döredýändiginden nyşandyr.
«Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleriniň berk binýadyny döretdi. 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halky altyn harplar bilen ýazylan taryhy senenamasynyň ilkinji sahypalarynyň gatyny açdy. «Garaşsyzlyk» diýen mukaddesligine eýe boldy. Bu sözüň giň manysy bar. «Garaşsyzlyk» diýen düşünje erkinligi, asudalygy, parahatçylygy we röwşen geljegi özünde jemleýär. Pederlerimiz ata Watany şirin jandan ileri tutup, bir suprada jem bolmagyň arzuwynda ýaşapdyr.
Halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen, pederlerimiziň mukaddes umytlarynyň wysaly bolan Garaşsyzlyk biziň iň uly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, ol ýurdumyzyň geçmişini, şu gününi we nurana geljegini birleşdirýän beýik güýçdür. Garaşsyzlyk diýmek — öz ykbalyňy öz eliňe almak, öz ykdysady geljegiňi öz akyl-paýhasyň bilen gurmak diýmek.
Ykdysady garaşsyzlyk bolmazdan, syýasy garaşsyzlygy göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, özüniň baý tebigy serişdelerine, halkymyzyň zähmetsöýerligine daýanyp, durnukly ykdysady modeli döretmegi başardy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan çig mal öndürýän döwletden taýýar önümleri öndürýän we dünýä bazaryna çykarýan kuwwatly senagat ýurduna öwrüldi. Ykdysadyýetde gazanylan her bir üstünlik, her bir girdeji, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilýär.
Mähriban Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpli ösüş-özgerişlere eýe boldy, milli ykdysadyýetimiz düýpli kuwwatlandy, bazar gatnaşyklaryna üstünlikli geçildi. Türkmen telekeçileri täze önümçilikleri gurmaga gatnaşyp, hususy pudak okgunly ösüşe eýe boldy. Täze pudaklary döredilip, ýurtda importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak işleri durmuşa geçirildi. Garaşsyzlyk bize ýurduň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Ine, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren maksatnamalary esasynda milli ykdysadyýete, dürli ugurlara sanly özgertmeler, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurt ösüşiniň geljekki menzilleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz anyk şöhlelenmesini tapýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagatynyň kuwwatly desgalary bilen birlikde, önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşmäge ukyply dokma senagaty hem döredildi. Onlarça kärhanany, pagta egriji we dokma önümçiliklerini, tikinçilik fabriklerini, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabriklerini özünde jemleýän dokma senagaty hereket edýär. Oba hojalyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly oba senagat toplumyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, senagatyň çig mala, ilatyň bolsa ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply obasenagat toplumy gülläp ösýär.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk döwri türkmen halkynyň ruhy-medeni galkynyşynyň altyn zamanasy boldy. Garaşsyz ösüş ýolumyz jemgyýetde ruhy-medeni galkynyşy döretdi. Ýaş nesillerde milli aň-düşünjäniň kemala gelmegine, taryhymyzy, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda ýaşlara Garaşsyzlygyň gymmaty barada hem atalyk sargytlaryny berip: «Siz — Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr» diýip, ýaşlara ýüzlendi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň öz alan bilimi, zähmeti, edep-ekramy, zähmetsöýerligi bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelidiklerini sargyt etdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 35 ýylynyň içinde başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryh üçin uzak bolmadyk geçen 35 ýyla golaý döwrüň içinde täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredi, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary, şol sanda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň talabalaýyk bilim-terbiýe almagy üçin döwrebap çagalar baglary, mekdepler guruldy. Gündogaryň göwher gaşyna deňelýän ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri binagärlik sungatynyň iň döwrebap we kämil aýratynlyklaryny özünde jemleýän nusgalyk şäher hökmünde bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Dünýä syýahatçylygynyň dür-merjeni hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Garaşsyzlyk ýyllary içinde tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary döwletimiziň gurýan gurply ýurtdugyna güwä geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýelenýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri ýokary derejede çözmek boýunça oňyn netijelere eýe bolýandygyna güwä geçýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda, oba we halk hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk senagatynda, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, medeni we beýleki ugurlarda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Kabul edilýän maksatnamalaryň, çözgütleriň we amala aşyrylan işleriň ýurdumyzy Ýer ýüzünde ösen döwletleriň derejesine ýetirendigini nygtamak örän guwandyryjydyr. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleridir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baky bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň höküm sürýän ýurdunda agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Baş baýramymyzyň türkmen taryhyny altyn harplar bilen bezeýän dabaralary şöhratly zamanamyzda giňden bellenilip geçilýän toý-baýramlaryň bedew batly ösüşlere, belent sepgitli ýeňişlere beslenýändigi baradaky guwandyryjy hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.
