JEMGYÝET

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň şatlyk-şowhuny halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Dünýäniň çar künjegine ýaýran daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy Garaşsyzlyk baýramynyň many-mazmunyny has-da artdyrýar.

Şu gün — 19-njy sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahata daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekilleriň gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

 

Dünýäniň çar künjegine ýaýran daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň Watan gymmatlygy baradaky çykyşlary ýüreklerde orun aldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ýüzünde dost-doganlygyň mekany hökmünde şan-şöhratynyň barha artýandygy baradaky söhbetler toý-baýramly günlerimize täze öwüşgin çaýdy.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlarynda ýurt asudalygy, ösüşli-özgerişli zamanamyz wasp edildi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Related posts

“Atavatan Türkmenistan” TRT Belgesel ödülleri’ 9. Uluslararası festivalinde

vepa

Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary näme?

Ata Watan Eserleri

Awgust aýynda dünýä bazaryna çykar

Ata Watan Eserleri