SPORT

AFK Çempionlar Ligasy-2: “Arkadag” topary Eýranyň toparyny ýeňdi

Türkmenistanyň çempiony “Arkadag” futbol topary 2026/27-nji ýyldaky AFK Çempionlar Ligasy-2 ýaryşynyň toparçalýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Eýranyň “Gol Gohar” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny oýnuň 77-nji minutynda Ahmet Ataýew geçirdi.

Bu ýeňiş “Arkadagyň” “B” toparçasynda ikinji ýeňşi boldy. Wladimir Baýramowyň topary dört oýundan soň 7 utuk toplady. “Gol Gohar” iki utuk bilen soňky orunda galýar.

“Arkadag” topary nobatdaky tapgyrda 25-nji noýabrda myhmançylykda Bahreýniň “Al-Muharrak” topary we 9-njy dekabrda öz meýdançasynda BAE-niň “Al-Jazeera” topary bilen duşuşar.

Her toparçadan ilkinji iki topar 1/8 finala çykar. Bu tapgyryň oýunlary 2027-nji ýylyň 9-18-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Related posts

“Real Madrid” birinji orna geçdi

Andoni Iraola “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi boldy

Makron Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmakçy