JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.

Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.

Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre deňdir.

Ulag durnuklylygyny we ýokary tizligi üpjün etmek maksady bilen, ýol dört tapgyra bölünip, iň kämil ykdysady-tehniki görkezijileriň esasynda gurlar. Onuň 1-nji böleginiň, ýagny 0 — 9-njy kilometr aralygynyň ýer düşeginiň ini 65 metr bolup, jemi 8 zolakdan ybaratdyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar we ýanýollar göz öňünde tutulandyr.

Ýoluň 9 — 48-nji hem-de 527 — 546-njy kilometr aralyklarynyň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 hereket zolagyndan ybaratdyr.

48 — 527-nji kilometr aralygynda bolsa ýoluň ini 26,5 metr bolup, 4 hereket zolagyna bölünendir. Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Taslamanyň dowamynda öň bar bolan jemi 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem “Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köprüsi we onuň 2 kilometrlik eltiji ýollary, ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy hem-de 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar.

Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadaly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň 7-si gurlar hem-de döwrebap wideogözegçilik we tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Türkmen tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberiler

Ata Watan Eserleri