SPORT

Ronaldo Messiniň yzyndan ýetdi

Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo 11 metrlik jerime urgularyndan başga geçiren gollarynyň sany boýunça özüniň esasy bäsdeşi Lionel Messiniň yzyndan ýetdi.

Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän Kristiano Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda “Al-Feýhi” topary bilen geçirilen duşuşykda toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goluny geçirdi.

Şeýlelikde, Ronaldo futbol karýerasynda 11 metrlik jerime urgularyndan geçiren gollary hasaba alynmazdan 713 gol geçirip, bu görkeziji boýunça Lionel Messi bilen deňleşdi.

Ronaldo 1205 duşuşykda 874 gol geçirdi, Messi bolsa, 1047 duşuşykda oýnap, 821 goly öz adyna ýazdyrdy.

Mundan başga-da, Ronaldo toparlar derejesinde 1000-nji duşuşygyny geçirip, gollarynyň sanyny 746-a ýetirdi.

Related posts

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Roberto Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Russiýanyň täze tälimçisi kim bolar?

Ata Watan Eserleri