SPORT

Türkmen türgeni Albaniýada bürünç medal gazandy

Albaniýanyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz Gülälek Kakamyradowa üstünlikli çykyş etdi. Gülälek ştangany silterläp galdyrmakda 88 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň bu görkezijisi ildeşimize şu görnüş boýunça bürünç medaly getirdi.

Türgeniň itekläp götermekdäki ikinji synanyşygynyň netijesi 101 kilograma deň boldy. Üçünji synanyşygynda Gülälege 106 kilogram agyrlygy galdyrmak başartmady. Şeýlelikde, ol 101 kilogramlyk görkeziji bilen itekläp götermekde bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanly türgen iki görnüşiň jemi boýunça hem 189 kilogram netije bilen bäşinji orna mynasyp boldy.

Umuman, türkmen türgenleri bu dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Olardan 2-si aldyn medala, biri kümüş we ýene-de bir bürünç medala mynasyp bolup, Watanymyza üstünlikli wekilçilik etdi.

Related posts

“Zenit” topary 10-njy gezek Russiýanyň Superkubogyny eýeledi

Raja Randhir Sing Aziýa Olimpiýa Geňeşi ýolbaşçylygyna saýlandy

Messiniň ykbaly nähili bolduka?

Leave a Comment