SPORT

Sindarow we Gukeş: hasap 2:2

Gukeş bilen Sindarow küşt täjiniň ugrundaky duşuşygyň dördünji tapgyrynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşygyň umumy hasaby — 2:2

Hindistanly küştçi Dommaraju Gukeş bilen Özbegistanyň wekili Jawohir Sindarow küşt boýunça dünýä çempiony diýen at ugrunda geçirilýän duşuşygyň dördünji tapgyrynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Şweýsariýada geçirilýär.

Şeýlelikde, duşuşygyň umumy hasaby 2:2 boldy. Bäşinji tapgyr 29-njy noýabrda geçiriler.

Küşt täjiniň ugrundaky duşuşyk nusgawy wagt gözegçiligi bilen geçirilýän 14 partiýadan ybarat. Oýunçylara ilkinji 40 göçüm üçin 120 minut wagt berilýär. Soňra ýene 30 minut goşulýar we her göçümden soň 30 sekunt goşmaça wagt berilýär.

Eger küştçileriň biri 14-nji partiýa tamamlanmazdan ozal 7,5 utuk toplasa, duşuşyk möhletinden öň tamamlanýar. Duşuşyk deňme-deň tamamlanan ýagdaýynda ýeňijini kesgitlemek üçin taý-breýk tapgyry geçirilýär.

Gukeş 2025-nji ýylda hytaýly küştçi Din Liženi ýeňmek arkaly dünýä çempiony boldy. Hindistanly küştçi 18 ýaşynda dünýäniň ykrar edilen iň ýaş çempiony hökmünde taryha girdi. Şeýlelikde, ol 22 ýaşynda dünýä çempiony bolan Garri Kasparowyň ozalky rekordyndan öňe geçdi.

Jawohir Sindarow bolsa aprel aýynda Kiprde geçirilen dalaşgärler ýaryşynda ýeňiş gazanyp, dünýä çempionlygy ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol Özbegistanyň taryhynda küşt boýunça dünýäniň ykrar edilen çempiony diýen at ugrunda geçirilýän duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji wekili boldy.

Related posts

Täze “Superliga” döredildi

“Liwerpul” türgenleşige başlady

Salah “Liwerpuldan” gidýär