SPORT

Täze “Superliga” döredildi

Angliýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň iň gowy toparlary, ýagny jemi 12 topar “Real Madrid” toparynyň prezidenti Florentino Peresiň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa “Super liga” çempionatynyň döredilendigini barada habar berdi. Çempionatyň başlygynyň orunbasar wezipesine bolsa “Ýuwentus” toparynyň ýolbaşçysy Andrea Anýelli we “Mançester Ýunaýted” toparynyň eýesi Joel Gleýzer bellenildi.

Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň çempionatlarynda öňdebaryjy toparlar, Ýewropa “Super liga” çempionatynyň döredilendigi barada habar berdiler. Bu çempionata häzirlikçe 12 topar gatnaşmak isleýärler. Olar: “Real Madrid, Barselona, Ýuwentus, Inter, Mançester Siti, Mançester Ýunaýted, Liwerpul, Milan, Atletiko Madrid, Çelsi, Arsenal we Tottenhem” toparlarydyr.

“Sky Sports” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, çempionata jemi 20 topar gatnaşyp biler. Adatça bolşy ýaly gatnaşyjy toparlar özleriniň milli futbol çempionatlarynda hem duşuşyklaryny geçirerler. “Super liga” çempionatynyň oýunlaryny bolsa hepdäniň ortasynda oýnalar. Çempionatyň ilkinji möwsümini 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak meýilleşdirilýär.

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA), şeýle hem Ispaniýanyň, Italiýanyň we Angliýanyň milli futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary täze dörediljek “Super liga” çempionatyny döretmek pikirini göwnemediler. Mundan başga-da “UEFA” guramasy “Super liga” çempionatyna  gatnaşmaga razy bildirýän toparlary, ähli Ýewropa kuboklaryndan çykarmak isleýär. “FIFA” guramasy bolsa öz gezeginde “Super liga” çempionatynyň döredilmegini ykrar etmeýändigini, şeýle ýaryşa gatnaşýan islendik futbolçynyň “FIFA” ýa-da degişli konfederasiýalar tarapyndan meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna kabul edilmejekdigini habar berdi.

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson, bu “Super liga” çempionaty barada özüniň “Twitter” hasabynda şeýle belleýär: “Ýewropa “Super liga” çempionatynyň meýilnamasy futbol älemine uly zyýan ýetirip biler. Biz bu hereketde futbol ýolbaşçylarynyň kararlaryny goldaýarys. Dörediljek “Super liga” çempionaty, geçirilýän milli futbol çempionatlaryna zeper ýetirer we janköýerlere öz täsirini berer”.

 

Mourinýo tälimçilikden boşadyldy

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy