TEHNOLOGIÝA

Ahyrsoňy öz uçuşyny amala aşyrdy

“Perseverance” atly marsohod “Ingenuity” atly dikuçarynyň uçuşyny we gonuşynyň ilkinji suratlaryny Ýere iberdi. Bu dikuçar Mars planetasynda 3 metr beýiklige uçmagy başardy. Bu barada maksatnama gatnaşyjylar “NASA” guramasynyň “Jet Propulsion” laboratoriýasynyň onlaýn ýygnagynda habar berdiler.

“Biz başga bir planetada ilkinji gezek gözegçilik edilýän uçuşy amala aşyrdyk. Bu ýerine ýetiren işimiz, “NASA” guramasynyň Gün ulgamynyň beýleki planetalaryna iberjek uçarlaryny döretmäge ýol açýar” diýip, “Ingeniuity” taslamasynyň ylmy müdiri Mimi Ong belläp geçýär.

Bahasy 80 million dollar we agramy 1,8 kg bolan bu dikuçar “JPL” inženerleri tarapyndan planetanyň seýrek duş gelýän atmosferasynda uçuşyň mümkindigini ýa-da ýokdugyny barlamak üçin işlenip düzüldi. Ilkinji hepdelerini dikuçar planeta ugradylan “Perseverance” atly marsohodyň içinde saklanyldy we bu enjamyň sistemasyna birikdirilipdir. Geçen hepdede dikuçary marsohoddan aýyrdylar we ilkinji hereketlendiriji synagyny geçirdiler.

“Ingenuity” dikuçarynyň ilkinji uçuşy geçen hepdäniň ahyrynda amala aşyrylmalydy, emma “NASA” guramasynyň hünärmenleri hereketlendirijiniň näsaz işleýändigini görüp, dessine düzedip ony uçuşa taýýarladylar.

 

Täze “Superliga” döredildi

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi