TEHNOLOGIÝA

Beýik Britaniýanyň tehnologiýa hepdeligi

2021-nji ýylyň 16-18-nji fewralynda Türkiýede Beýik Britaniýanyň Tehnologiýa heodeligi geçiriler. Bu onlaýn foruma dünýäniň ähli ýerinden myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýik Britaniýanyň Halkara söwda ministrligi tarapyndan Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministrligi bilen bilelikde gurnalan bu konferensiýada sanly we ýaşyl tehnologiýalaryň orny barada gyzykly çykyşlar ediler.

Forumyň çäklerinde täzelenýän energiýa, sanly saglyk, lukmançylyk tehnologiýasy, sanly önümçilik, akylly şäherler we Beýik Britaniýa-Türkiýe ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda giňişleýin pikir alyşmalar bolar. Oňa Beýik Britaniýanyň köp sanly iri kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu foruma 2021-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli hasaba durmak bolar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi