TEHNOLOGIÝA

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

Türkiýede emeli aňy (EA) ornaşdyrmak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak üçin azyndan 10 milliard ABŞ dollary möçberinde hususy maýa goýumy gönükdiriler. Bu barada respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.

“Türkiýe goranyş senagatynda toplan tejribesini we mümkinçiliklerini beýleki ugurlara, ilkinji nobatda bolsa emeli aň ulgamyna geçirmek üçin işjeň tagalla edýär. Biz maglumatlary işläp taýýarlamak merkezleriniň infrastrukturasyny, bulut tehnologiýalaryny we emeli aňy ösdürmek maksady bilen azyndan 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny herekete geçireris. Döwlet maýa goýum maksatnamalarymyzyň serişdeleriniň azyndan 2 göterimini emeli aň babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin bölüp bereris. 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzdaky maglumatlary işläp taýýarlamak merkezleriniň umumy kuwwatyny azyndan 1 GW-a ýetireris” diýip, Ärdogan Stambulda emeli aň boýunça hereket meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.

Onuň bellemegıne görä, Türkiýede emeli aň pudagynda 10 müň hünärmeni we emeli aňy ulanmak boýunça takmynan 100 müň hünärmeni taýýarlamak meýilleşdirilýär.

“Biz Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD), G20, BMG hem-de beýleki halkara meýdançalarynda adam merkezli emeli aň standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagynda işjeň rol oýnarys” diýip, türk Lideri belledi.

“Bilelikde Türkiýäni emeli aň eýýamynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykararys diýip umyt edýärin” diýip, Ärdogan nygtady.

Türkiýe häzirki wagtda döwlet dolandyryşynda, goranyş pudagynda we telekeçilikde emeli aňy işjeň ornaşdyrýar. Respublika gepleşik görnüşindäki neýrotorlary (chatbotlary) ulanmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýar.

Ýene-de okaň

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar