TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask iş söhbetdeşliklerinde haýsy sowaly berýär?

Dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň iş söhbetdeşliginde dalaşgärlere beren sowaly ýüze çykdy.“Tesla” paýnamalarynyň köpelmegi bilen, dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň iş dünýäsinde gazanan üstünlikleri barada gözlegler dowam edýär. Takmynan 280 milliard dollar baýlygy bolan Maskyň iş söhbetdeşliklerine ähmiýet berýändigi we dalaşgärler bilen geçirilen söhbetdeşliklerde nusgawy soragynyň bardygy mälim edildi. 50 ýaşly Maskyň öz kompaniýalaryna aljak dalaşgärlerinde haýsy mekdebi gutarandygy bilen gyzyklanmaýandygy aýdylsa-da, dalaşgärlere: “Iň uly meseläňiz näme boldy we ony nädip çözdüňiz” diýen soraga berlen jogaba görä baha berýändigi aýdyldy.

Mask dalaşgärlerden olaryň haýsy uniwersiteti tamamlandygy ýa-da ýokary bilim şahadatnamasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorap durmaýar. Dalaşgärleriň bu sowalanähili jogap berjekdigini gyzyklanmaýan Maskyň uniwersitet derejesine baha bermeýändigi we kynçylyklary ýeňip geçmek ukybyna görä, adamlary öz kompaniýalaryna işe almak bilen üstünlik gazanandygy nygtaldy.

Mask ýaňy-ýakynda “Twitter”-de geçirilen pikir soralyşykdan soň 5 milliard dollarlyk “Tesla” paýnamasyny satdy. Mask öz beýannamasynda satuwyň paýnama amallaryndan gelip çykýan salgyt borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin edilendigini mälim edipdi. Şeýle hem beýannamada geleşikleriň sentýabryň ortalarynda kabul edilen öňünden meýilleşdirilen söwda meýilnamasyna esaslanandygy aýdylýar.

“Bloomberg milliarderler” indeksine görä, 50 ýaşly Mask 280 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamydyr. Maskyň “Tesladaky” paýlary kompaniýanyň 60 göterimine deňdir. Bu Maskyň beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin goşmaça paýnamalarynyň satuwyna gidip biljekdigini görkezýär.

 

Dostoýewskiniň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenildi

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar