TEHNOLOGIÝA

“Elephone” brendli täze telefon

“Elephone” brendi hem soňky aýlarda täze modelleriň, ulgamlaryň hem-de dizaýn taýdan tapawutlanýan akylly telefon önümçiligine goşant goşmakda has-da işjeňleşdi. Häzirki wagtda şereket täze bir akylly telefony bazara çykarmaga taýýar.  Ynha indi awgust aýynyň 12-sine “Elephone U5” smartfonyny alyjylara ýetirer. “Elephone U5” smartfony RAM 4GB goldap, onuň içki ýady 128 GB barabar bolar. Telefon iki sim kartany, goşmaça ýady (çip) göterýär. Onuň bahasy 190 amerikan dollaryna barabar bolar. Enjam gök hem-de gara reňklerde sarp edijilere ýetiriler. 4000 mAh batareýany goldaýan bu akylly telefon “Android 10” ulgamy esasynda işlär.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi