Gyrgyzystan 10 sany “Airbus” uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Gyrgyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini[ habar bermegine görä, bu barada «Gyrgyzystanyň howa menzilleri» açyk paýdarlar jemgyýeti mälim etdi.
Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, eýýäm iki sany uçary satyn almak barada şertnama gol çekildi. Bu uçarlaryň 2027-nji ýylda ýurda getirilmegine garaşylýar.
«Geljek bäş ýylyň dowamynda ýene-de sekiz sany uçary satyn almak meýilleşdirilýär» diýip, guramada habar berdiler.
Şeýlelikde, satyn alynmagy meýilleşdirilýän uçarlaryň umumy sany 10-a ýeter.
