JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olardan netijeli peýdalanmak üçin energetika, senagat, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek zerurdyr» diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada «Türki asyry: Dilde, pikirde, işde birlik» diýen şygar bilen geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji sammitinde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana çakylygy we myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, sammitiň 29-njy oktýabrda bellenilýän Respublika güni baýramçylygyna gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

«Şu şanly baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Rejep Taýyp Ärdogany we doganlyk türk halkynyň ähli wekillerini tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkiýe Respublikasyna geljekde hem ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw edýärin» diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti umumy taryhyň, baý medeni mirasyň, ruhy gymmatlyklaryň we nesilden-nesle geçip gelýän asylly däp-dessurlaryň türki döwletleri birleşdirýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

«Bu gymmatlyklar halklarymyzyň özboluşlylygynyň mizemez binýadydyr. Olary gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmek biziň umumy wezipämizdir».

Türkmenistanyň türki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtanTürkmenistanyň Prezidenti: «Şoňa görä-de, biz Türki Döwletleriň Guramasyna doganlyk döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmäge, netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän möhüm gurama hökmünde garaýarys» diýip belledi.

«Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir»

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, şeýle diýdi:

«Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olardan netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag, aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma senagaty, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek zerurdyr».

Hazar deňziniň üstünden geçýän Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çeken Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny bu ugurda peýdalanmaga taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, tejribe alyşmagy we bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmegi goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti taryhy-medeni mirasy öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça bilelikdäki çäreleri guramagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Syýahatçylyk pudagynda özara alyş-çalyşlary ösdürmäge we ýurtlary halkara derejesinde tanytmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň hem-de başlangyçlaryň goldanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle diýdi:

«Ýurtlarymyzyň taryhy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleri we milli däp-dessurlary halkara syýahatçylygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir».

Türkmenistanyň Prezidenti halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmegiň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmagyň hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türki Döwletleriň Guramasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady.

«Şu nukdaýnazardan, Türki Döwletleriň Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek aýratyn ähmiýete eýedir. Bu durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara derejesinde ynanyşmagy berkitmäge, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam eder» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow sammitiň netijeleriniň döwletleriň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Related posts

Adam atlarynyň manysy 26-njy ýanwar

Ata Watan Eserleri

Altın Asır’ın rakibi Hint takımı Bengaluru

vepa

Türkmenistan Gyrgyzystana ynsanperwer kömegini iberdi