TEHNOLOGIÝA

Goňşymyzda hem smartfon öndürilip başlandy

Özbegistanyň Nawoýi şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän “Telecom Devices PRO LLC” kompaniýasy “Uzbekiston” atly akylly telefonlaryny öndürip başlady. Bu telefonyň ýady 64 GB ybarat bolup, Özbegistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ministrliginiň tabşyrygy boýunça döredildi we içerki bazara niýetlenildi. Bu barada Nawoýi şäheriniň Telekeçiler we işewürler hereketiniň geňeşiniň metbugat gullugy, şeýle hem Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy habar berýärler. Telefonyň programma ulgamy milli däpler esasynda düzüldi.

Bu akylly telefonyň ýadyna ýurduň nusgawy we häzirki zaman özbek edebiýatynyň iň gowy ýygyndylary, ýüzden gowrak özbek aýdymlary we sazlary, şeýle hem şol ýurduň gözel ýerlerini şekillendirýän surat albomlary ýerleşdiripdirler.

Mundan daşary telefonda ýurduň degişli ministrlikleriň gije-gündiz işleýän telefon belgilerini öz içine alýan  “Hökümet” programmasy ýerleşdirilendir. Ekranyň ýüzüne surat goýmak üçin galereýadan ýurduň gözel suratlaryny, jaň sazyny bolsa milli aýdymlary, sazlary goýup bolar. Häzirki wagtda bu kompaniýa öndürýän enjamlaryny goňşy ýurtlara eksport etmek üçin gepleşikler alyp barýar.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar