TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask: “X” ( Twitter) ýakyn wagtda doly tölegli bolup biler

Dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask eýeçiligindäki sosial media platformasy “X| (öňki Twitter) ýakyn wagtda doly tölegli bolup biljekdigini aýtdy. Ilon Mask “awtomatlaşdyrylan” hasaplara garşy göreşmegiň ýeke-täk ýolunyň “X” üçin töleg ulgamyny ösdürmekdigini öňe sürdi.

– Ulgamy ulanmak üçin her aýda az mukdarda töleg tölemäge göz öňünde tutarys” – diýip, Mask belläp geçdi.

“X”-niň eýesi bu barada ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşygynda belläp geçdi we  Ysraýyly tehnologiýa pudagynda öňdebaryjy orny üçin öwgi sözlerini beýan etdi.

“Tesla” we “Space X” kompaniýalaryna hem eýeçilik edýän Mask geçen ýyl “Twitter”-i 44 milliard dollara satyn alypdy, emma platformanyň adyny “X” diýip üýtgedipdi.

Related posts

Hytaý emeli Günden soň, emeli Aý ýasady

Ata Watan Eserleri

“Mersedes” lýuks modellerini görkezýär

Ata Watan Eserleri

“Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň Gün galkany doly açyldy

Ata Watan Eserleri