TEHNOLOGIÝA

Ilkinji arap zondy Marsyň orbitasyna çykdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Amal” zondy Marsyň orbitasyna girdi. Bu ýagdaý araplaryň kosmosdaky ilkinji üstünligi diýip atlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl BAE-niň bu zondy Mars planetasyna iberilipdi. Ol 204 günüň dowamynda 480 million kilometr menzil aşdy. Planetanyň orbitasyna girmek üçin enjamyň tizligi sagatda 121 müň kilometrden 18 müň kilometre çenli azaldyldy.

Geçen ýylyň iýul aýynda Ýaponiýanyň raketa-göterijisi arkaly älem giňişligine uçurylan “Al-Amal” zondy  üstünlikli ugruny dowam etdirýär. Bu zond Birleşen Arap Emirlikleriniň bilermenleri tarapyndan işlenip düzüldi.

BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri Muhammed ben Raşid al Maktum ýurduň gazanan bu üstünligi bilen BAE-niň halkyny gutlady.

BAE ABŞ-da, Russiýadan, Ýewropa Bileleşiginden we Hindistandan soňra Gün ulgamyny öwrenmekden uly üstünlik gazanan 5-nji ýurt boldy. “Al-Amal” zondy Marsyň atmosferasyny öwrener. Synag ýörite elliptik orbita çykarylar, bu pasyllaryň üýtgemegi we uly tozan tupanlary wagtynda planetanyň howasynyň üýtgemegini yzarlamaga mümkinçilik berer.

BAE kosmos gullugynyň 2117-nji ýyla çenli Marsda şäherçäni gurmak meýilnamasy hem bar. BAE-nyň “Mars” maksatnamasy takmynan 200 million dollara deň boldy.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi