MEDENIÝET

Türkmen teatrynyň halkara teatr festiwalyndaky üstünligi

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwaly geçirildi. Onda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy teatr toparlary özleriniň sahna oýunlaryny görkezdiler.

Örän gyzykly we tolgundyryjy ýagdaýda geçen halkara sungat gözden geçirilişine gatnaşdyrylan sahna oýunlary çeperçilik taýdan biri-birinden tapawutlandy. Bu abraýly festiwala Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Ak at» atly spektakl bilen gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Sahna oýnunda ahalteke bedewiniň şöhraty, şeýle hem türki halklaryň dost-doganlygy dabaralandyrylýar.

Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşy we taryhy wakalar esasynda ýazypdyr. Onda Aşgabat ýertitremesinde ýanýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alyp, soňra öz perzendiniň gözlegine çykyşy hem-de onuň Nazira atly özbek zenanyň elinde terbiýelenýändigini anyklaýşy beýan edilýär. Seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan ak atyň dagdandan ýasalan heýkeljigi Jemal ejä öz perzendi Alyşiri tanamaga ýardam edýär. Ony terbiýeläp ýetişdiren Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti Nazira Alyýewa B.Annanowyň halypasy, hünär dersleri boýunça mugallymydyr.

Eminleriň biragyzdan gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» atly sahna oýny halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna — «Parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk temasyndan iň gowy sahna eseri» atly baýraga mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik toparyna TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy, şeýle hem «Ak at» atly spektakly üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryna Türki medeniýetiň halkara guramasy, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, Andijan şäheriniň häkimligi tarapyndan baýragy tassyklaýan Diplom gowşuryldy. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Baş akademiki drama teatrynyň ýolbaşçysy N.Hojaýew, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory M.Jumabaýew, «Aşgabat» teleýaýlymynyň bölüm müdiri G.Hemraýewa TÜRKSOÝ-yň Hormat haty, halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy we festiwalyň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant goşandygy üçin Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.

Related posts

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Mahmyt Kaşgarla bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Parahatçylygyň saýrak bilbili

Ata Watan Eserleri