BILIM

Türkmenistanyň Bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetine bardy

Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbanberdiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowa ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny hem uniwersitetde okamaga çekmäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy we akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň her ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem-de akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň we Eýranyň uniwersitetleriniň arasynda ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilim maksatnamasy boýunça talyplyga kabul edýär

Türkmen wekiliýeti Kataryň «Bilim şäherçesine» baryp gördi